Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

990183
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: “TANAP taslamasynyň açylyşyna Erdogan gatnaşar” söz başyly habarynda, Azerbaýjanyň tebigy gazyny Türkiýeden üstasyr Ýewropa akdyrjak Trans Anadoly tebigy gaz turba geçiriji taslamasynyň tamamlanan bölüminiň ertir Eskişäherde dabaraly ýagdaýda açyljakdygyny habar berýär. Gazet dabara Prezident R. T. Erdoganyň, Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýewiň we Gruziýanyň Prezidenti Giorgi Mergwelaşwiliniň gatnaşjakdygyny belleýär.

Watan gazedi: “Maýa Türkiýä akar, Koreýadan gaçar” söz başyly habarynda Halkara Maliýe institutynyň beren hasabatyna görä şu ýyl maýanyň iň köp goýuljak ýurdunyň 51,3 milliard dollar bilen Türkiýäniň, maýanyň iň köp çykjagy ýurdyň bolsa 77 milliard dollar bilen Günorta Koreýanyň boljakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Ýeni Şafak gazedi: “ASELSAN lazer goranyş ulgamyny synagdan üstünlikli ýagdaýda geçirdi” söz başyly habarynda, Goranyş senagaty pudagynyň resmisi Ismail Demiriň ASELSAN tarapyndan oýlanyp tapylan Lazer goranyş ulgamynyň synaglarynyň üstünlikli geçendigini aýdandygyny mälim edýär. Habarda ulgamyň gämi platformalarynda, energetika desgalarynda, howa menzillerinde, serhet birikmelerinde, ştablarda we ulag kerwenleriniň geçýän ýollarynda ulanyp boljakdygy nygtalýar.

Star gazedi: “Goranyş senagaty pudagy Pariždäki sergä 59 firma bilen gatnaşar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Goranyş senagaty pudagynyň Fransiýanyň paýtagty Parižde geçiriljek “Eurosatory Halkara goranyş we howpsyzlyk sergisine 59 firma bilen gatnaşjakdygyny beýan edýär.

Hürriýet gazediniň: “Baýramçylyk günlerinde kenarýaka myhmanhanalar 100 göterim doly” söz başyly habarynda, Ortaýer deňizi Turistik myhmanhanajylar we dolandyryjylar Bileleşiginiň başlygy Erkan Ýagjynyň: “Oraza baýramynda kenarýakada ýerleşýän myhmanhanalaryň ählisiniň 100 göterim doly boljakdygyny şu wagtdan aýdyp bilerin” diýendigini habar berýär.


Etiketkalar: #TANAP , #Watan , #maýa , #institut

Degişli Habarlar