Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

987782
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýe Gresiýanyň Prezidentine reaksiýa bildirdi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Gresiýanyň Prezidenti Prokopis Pawlopulosyň ÝB-niň daşarky gurşaw maksatnamasy baradaky sözlerine bildirilen reaksiýada : “Bu beýanatyň hukuk taýdan hiç hili netijesi ýok. ÝB-niň “Egeý” meselesi boýunça oýunlarynda daşda durmalydygyny ýene-de bir gezek ýatladýarys” diýilýändigini ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Bozdag: Federal barlag ofisi derňew işini başlatdy, emma…” söz başyly habarynda, Wise-premýer Bekir Bozdagyň; “ABŞ Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamy FETÖ-ni goraýar we ondan peýdalanmak isleýär. Olara ýüzlenesim gelýär. Türkiýä garşy peýdalanyp bilmersiňiz. Olar amatly haryt özboluşlygyny ýitirdi. ABŞ-nyň Federal barlag ofisi derňew işini başlatdy. ABŞ-daky işleri barada. Emma biz Türkiýedäki agdarlyşyk synanşygyna garşy derňew işiniň başladylmagyny isleýäris” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Stoltenberg Munbiç boýunça iş meýilnamasynyň üstünde ylalaşylmagyndan hoşal” söz başyly habarynda, NATO-nyň baş Sekretary Ýens Stoltenbergiň: “Türkiýe bilen ABŞ-nyň Munbiç boýunça iş meýilnamasynyň üstünde ylalaşmagyndan hoşaldygyny aýtdy” diýilýär.

“Haber Türk” gazeti “Türk mobil oýuny dünýäde birinji onlugyň hataryna goşuldy” söz başyly habarynda, 2 sany türk inženeriniň düzen mobil ulag oýunynyň 6 günüň dowamynda dünýäniň dürli ýurtlarynda 4 million adam tarapyndan ulanylmaga başlanandygyny, oýunyň 22 ýurtda oýnalýan esasy oýunlaryň sanawynda birinji onluga degişli bolandygyny ýazýar.

“Sabah” gazeti “Myhmanhanalarda ähli ýerler doldy” söz başyly habarynda, Egeý sebitiniň esasy syýahatçylyk merkezlerinden biri bolan Aýdyn welaýatynyň Didim we Kuşadasy etraplaryndaky myhmanhanalaryň tomusky dynç alyşyň başlamagy we Oraza baýramy mynasybetli dolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar