Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

985238
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: “F-35 uçarlary üçin Türkiýä resmi çakylyk iberildi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Russiýada S-400 howa goranyş ulgamyny almak islemegine reaksiýa bildiren ABŞ-niň senatorlarynyň Türkiýä berilmegini garşy bolan 5-nji nesil F-35A hüjüm uçarlarynyň 21-nji iýundaky kabul edip almak dabarasy bilen bagly resmi çakylygyň türk resmilerine berilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Watan gazedi: “Şimşek: Daşary ýurtlardan maýa akymlar başlady” söz başyly habarynda, Ykdysadyýetden jogapkär Wise-premýer Mehmet Şimşegiň hususy telewideniýe kanallarynyň birinde daşary ýurtlarda maýadarlar bilen geçirilen duşuşyklardan soň, maýalaryň gelmäge başlandygyny aýdandygyny habar berýär.

Haber Türk gazedi: “Bodrumyň aýlaglaryna gyzyklanma artýar” söz başyly habarynda, Russiýa, Ukraina, Şwesiýa we Norwegiýa ýaly ýurtlardan geçen hepdäniň penşenbe gününden başlap Bodruma gelen takmynan 4 müň adamyň biri-birinden owadan aýlaglara çozandyklaryny mälim edýär. Gazet howanyň temperaturasynyň 32 gradus, deňiziň temperaturasynyň 20 gradus diýip hasaplanan Bodrumda gelen myhmanlaryň gaýyklary bilen aýlaglara ýolagçylyga çykandygyny belleýär.

Sabah gazedi: “Ýustinian köprüsi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň wagtlaýyn sanawynda” söz başyly habarynda, Sakarýa welaýatynyň iň köne taryhy eserleriniň biri bolan Aýasofiýa bilen ýaşdaş bolan Ýustinian köprüsiniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň wagtlaýyn sanawyna alynandygyny nygtaýar.

Star gazedi: “Türkiýe maýadarlar üçin jennet ýaly bir ýurt” söz başyly habarynda, Eýran-Türkiýe Söwda palatasynyň başlygy Ryza Kaminiň Türkiýäniň maýadarlar üçin jennet ýaly bir ýurtdygyny aýdandygyna ünsleri çekýär.


Etiketkalar: #F-35 , #Watan , #gazet , #Mehmet Şimşek

Degişli Habarlar