Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar
“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýe bilen ABŞ Munbiç meselesinde ylalaşdy” söz başyly habarynda, Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasynda Siriýanyň Munbiç etrabynyň boşadylmagy üçin üç tapgyrdan ybarat bolan meýilnamanyň bardygyny, taraplaryň ekstremist terror guramasy PKK/PÝD-ÝPG-niň Siriýanyň demirgazygynda Ýefrat derýasyyň günbatarynda ýerleşýän Munbiçden çekilmegi üçin tehniki ylalaşygyň gazanylandygyny ýazýar.
“Star” gazeti “ERdogan:Elon bilen gepleşdim. İň ýokary tehnologiýa näme bolsa şony ederis” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Stambulda Meşhur telekeçi we “Teslanyň” esaslandyryjysy Elon Musk bilen maslahatlaşandyklaryny we ýerli ulagda iň ýokary tehnologiýadan peýdalanjakdyklaryny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Watan” gazeti “Ykdysadyýetden jogapkar Wise-premýer Mehmet Şimşek Londonda” söz başyly habarynda, gepleşikler we duşuşyklar geçirmek üçin Londonda saparda bolýan Wise-premýer Mehmet Şimşegiň Twitter arkaly beren beýannamasynda duşuşyklarynyň iňňän netijeli geçýändigini habar berendigine ünsi çekýär.
“Haber Türk” gazeti “OECD Stambulda merkez açar” söz başyly habarynda, Merkezi Parižde ýerleşýän Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň Pariždäki ýaly ähli ugurlarda çözgüt tapmak üçin iş alyp barjak merkezlerinden birini Stambulda açjakdygyny mälim edýär.
“Sabah” gazeti “7 aý ir gowşuryldy” söz başyly habarynda, 6 sany “Baýraktar” ýaragly uçarmansyz howa ulagynyň synag uçuşlaryny üstünlik bilen tamamlandan soň Žandarm Serkerdeligine bellenenden 7 aý ir gowşurylandygyny ýazýar.
Degişli Habarlar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär