Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň  beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Geotermaldan öndürilýän elektrik togy 4 aýda 35 göterim artdy” söz başyly habarynda, Geotermal elektrik bekedi maýadarlaryny jemgyýetiniň 2018-nji ýylyň birinji dört aýynda geotermal elektrik beketlerinden öndürilen elektrik togunyň mukdarynyň 2017-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 35 göterim artyp, 2,25 milliard kilowat sagada ýetendigini mälim edýändigini ýazýar.

“Star” gazeti “Türkiýede ýene-de bir howa menzili gurlar” söz başyşly habarynda, Wise-premýer Bekir Bozdagyň Ýozgat welaýatyna 2019-njy ýylda tizligi ýokarlandyrylan otly ýoşunyň tamamlanjakdygyny, Ýozgat howa menziliniň bolsa 3 iýun güni gurluşygyna badalga beriljekdigini aýdandygyny ýazýar.

“Sabah” gazeti “TANAP taslamasy tamamlanýar” söz başyly habarynda, Azerbaýjanda Hazar denizinden çykarylýan tebigy gazyn Türkiýä we Ýewropa akdyrylmagy üçin iş ýüzüne geçirilýän “Trans Anadolu Tebigy Gaz Turba Geçiriji Taslamasynyň” Türkiýä geçýän ýeri bolan Ardahan welaýatynyň Posof etrabynda turba birleşdiriş we kebşirleýiş işleriniň tamamlanandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýeti bilen Kataryň haýyr-sahawat guramasyndan Ýemene 1 million dollarlyk kömek” söz başyly habarynda, Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýeti bilen Kataryň haýyr-sahawat guramasynyň arasynda gol çekişilen hyzmatdaşlyk teswirnamasyna laýyklykda Ýemende dowam edýän ynsanperwer kömek işleri üçin 1 million dollarlyk nagt pul berişdesiniň beriljekdigini mälim edýär.

“Sabah” gazeti “Türk deňiz floty täze tehnologiýalar bilen üpjün edildi” söz başyly habarynda, Goranyş senagaty guramasynyň 2017-nji ýylda köp mukdarda kabul ediş işlerini amala aşyrandygyny ýazýar. Gazet guramanyň 2017-nji ýyldaky kabul edişleri bilen howpsyzlyk güýçleriniň ulanmagy üçin täze ýaraglaryň, ulaglaryň we enjamlaryň alynandygy, “Bora” we “K” raketalarynyň synagdyr kabul ediş işleri tamamlanyp 200-den gowrak “K” we 50-den gowrak “Bora” raketasynyň alynandygyny mälim edýär.


Etiketkalar: Hazar deňizi , taslama , TANAP , Sabah

Degişli Habarlar