Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

976189
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Erdogan; Kudusi Şerifdäki hukuklarymyzdan el çekmeris” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Ak partiýanyň merkezinde berilen adaty İlçiler agzaçar sadakasynda “Kudusi Şerifdäki hukuklarymyzdan el çekmeris. İlkinji kyblamyzy onlarça ýyllar gandan, göz ýaşyndan beslenýän döwletiň ynsabyna goýmarys” diýen sözlerini çap edýär.

“Watan” gazeti “Bütindünýä Söwda Guramasynyň Garamagyna Hödürläris” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň pladyň we alýuminiň salgytlarynda Türkiýä ýeňillik döretmändigini ýazýar. Gazet Ykdysadyýet ministriniň orunbasary Fatih Metiniň ABŞ-nyň Paýtagty Waşingtonda Hazar syýasat merkezi tarapyndan geçirilen 1018 Trans-Hazar forumyna gatnaşyp, Türk-Amerikan ykdysady gatnaşyklary barada beýannama berendigini mälim edýär. Habarda ABŞ-nyň import edilýän polada we alýumine goýan goşmaça salgytlary barada garaýyş beýan eden Metiniň “Egerde golaýda Türkiýäniň bähbidine özgerlişik bolmasa, Bütindünýä Söwda Guramasyna ýüz tutarys we degişli çäreleriň görüljekdigini habar bereris. Häzirki wagtda ABŞ-nyň seljermelerine garaşýarys” diýen sözlerine üns çekilýär

“Star” gazeti “ Bentlerden we akabalardan öndürilýän elektrik togunyň mukdary artdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň elektrik önümçilik profilinin geçen hepde taryhy tapgyry başdan geçirendigini, hepdäniň başynda elektrik önümçiliginde tebigy gazyň paýynyň rekord goýandygyny we günlük 21 göterime çenli aşaklandygyny mälim edýär. Gazet jemi elektrik önümçiliginiň ýarysyna golaýynyň tebigy gazdan öndüril wagtlarynyň hem bolandygyny nygtaýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýede ruly sagda bolan ulag öndürer” söz başyly habarynda, Türkiýäniň awtoulag senagatynyň esasy öndürijilerinden biri bolan “Hondanyň” synaglaryny we önümçiligini Türkiýede amala aşyryan 10-njy nesil “Civic” sedan, täze hereketlendiriji we karobka alternatiwleri bilen ruly sagda bolan görnüşlerini Britaniýa, İrlandiýa we Kipr üçin eksport etjekdigini ýazýar.


Etiketkalar: #awtoulag , #sag , #senagat , #gazet

Degişli Habarlar