Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

967789
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Erdogan: ABŞ hakyky dostlaryny ýitirýär” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň “CNN İnternational” teleýaýlymyna beren beýannamasynda ABŞ-nyň Eýran bilen ýadro ylalaşygyndan çekilmegi barada: “Eýran gol goýan ylalaşygyndan egilşik etmez we ylalaşygy berjaý eder. Men şeýle pikir edýärin. Emma bu taýda utduran Amerika bolar” diýendigini ýazýar.

“Watan” gazeti “Kompleksde ykdysadyýet maslahaty” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen Ykdysady utgaşykly maslahatyndan soň berilen beýannamada; “Prosent-walýuta kursy basyşlaryna garşy çäre görüler. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy ugurlaryndan biri bolan maliýe düzgün-nyzam gyşarnyksyz berjaý ediler” diýilýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “BMG-niň ýokary wekiline reaksiýa: ähmiýet beremizok” söz başyly habarynda, Türkiýäniň BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary weili Zeýd Raad Al Hüseýiniň Türkiýede kabul edilen saýlaw karary baradaky tankydy belliklerine reaksiýa görkezip, ähmiýet berýändigini beýan edendigini ýazýar. Gazet Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Hami Aksoýyň Al Hüseýiniň Türkiýe barada beren beýannamasy bilen bagly soraga beren jogagynda BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary wekiliniň Türkiýe barada subýektiw beýannama berendigini nygtap; “Şol beýannama milletimiziň ygtyýaryna wekilçilik edýän Mejlisiň kabul eden saýlaw kararyny ykrar etmeýär we garaşsyz ýurduň dolanşygynyň nähili bolmalydygy barada ýerliksiz frazalary özünde jemleýär” diýendigini mälim edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Çawuşogly: “Döwletler gol goýan ylalaşyklarynyň yzynda durmaly” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň paýtagt Ankarada litwaly kärdeşi Linas Linkewikus bilen geçiren duşuşygyndan soň guralan metbugat ýygnagynda sözlän sözünde ABŞ-nyň Eýran bilen gol çekişilen ýadro ylalaşygyndan çekilmek baradaky karary hakynda: “Döwletler gol goýan ylalaşyklarynyň yzynda durmaly” diýendigini ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Türkiýe üçin ösüş çaklamasy” söz başyly habarynda, Ýewropa Abadanlaşdyryş we ösüş bankynyň çap eden habarnamasynda Türkiýäniň özüş çaklamasynyň 2018-nji ýyl üçin 3,5 göterimden 4,4 göterime, 2019-njy ýyl üçin bolsa 4,2 göterim hökmünde kesgitländigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.


Etiketkalar: #gazet , #ösüş , #çaklama , #habarnama

Degişli Habarlar