Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

963884
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Erdogan ägirt uly firmalary Türkiýede maýa goýmaga çagyrdy” söz başyly habarynda, Günorta Koreýada dünýä belli firmalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşan Prezident R.T.Erdoganyň: “Türkiýede maýa goýan maýadarlaryň hiç haýsy puşman bolmady. Uly goldaw berýäris” diýendigini ýazýar. Gazet Günorta Koreýanyň milliardlarça dollarlyk iş mümkinçiligine eýe bolan “Hýundai”, “SK”, “LG”, Hunwha”, “Daelim” we “GS” firmalarynyň ýolbaşçylaryny kabul edip, Türkiýede maýa goýmaga çagyran Erdoganyň şol firmalardan Türkiýedäki önümçilik mümkinçiliklerini artdyrmaklaryny, girdejisi ýokary bolan modelleriň Türkiýede öndürilmegini isländigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “Erdogan: Standard and Poorsyň Türkiýe baradaky analizine üns bermeýäris” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Halkara Kredit derejelendiriş guramasy Standard and Poorsyň türk ykdysadyýeti baradaky anzlizleriniň taraply we maksatlydygyny nygtap; “S&P-niň Türkiýäniň balyny aşaklatma wakasy täzelik däl” diýendigini ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Stambula maýdarlar akymy” söz başyly habarynda, Standard and Poorsyň 24-nji iýunda geçiriljek saýlawlardan ozal başladan bal aşaklatma oýnuna iň ýerlikli jogabyň daşary ýurtly maýadarlar tarapyndan berilendigine ünsleri çekýär. Gazet ýylyň 4 aýynda Stambulda açylan daşary ýurt maýaly firmalaryň sanynyň 92 göterim artmagynyň “Türkiýä bolan ynam” hökmünde häsýetlendirilendigini mälim edýär.

“Watan” gazeti “Syýahatçylykda ähli döwürleriň rekordy goýuldy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň syýahatçylyk pudagynda ýylyň üç aýynda geçen ähli ýyllaryň rekorduny goýup, 35 göterimlik artyş bilen 5,12 million syýahatçyny kabul edendigini ýazýar. Habarda syýahatçylyk girdejileriniň geçen ýylyň degişli döwrüne görä 31 göterim ýokarlap, 4,4 milliard dollara ýetendigi okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.

“Star” gazeti “Goranyş senagatynda uly üstünlik” söz başyly habarynda, goranyş pudagynda 18 göterime barabar bolan ýerlilik mukdarynyň 15 ýylda 70 göterime, 5,5 milliard dollarlyk býujetiň bolsa 60 milliard dollara ýetendigini mälim edýär. Gazet Türkiýäniň buýsandyryjy taslamalarynyň hatarynda Uçarmansyz howa ulagy ulgamy “Baýraktaryň” we “ANKA-nyň” türk harby goşunlarynyň gözi-gulagy bolandygyny, “Atak” dik uçarlarynyň bolsa dünýä derejesinde iň kämil dik uçarlardan biridigini mälim edýär.


Etiketkalar: #gazet , #Erdogan , #kredit

Degişli Habarlar