Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti Prezident R. Erdoganyň resmi sapar bilen Günorta Koreýa gidendigini habar berýär.

Prezident Erdogan paýtagt Seuldaky Prezident köşgünde Günorta Koreýanyň Prezidenti Mun İn bilen duşuşdy.

Prezident Erdogan ýarym sagat dowam eden özara duşuşykdan soň beren beýanatynda “Demirgazyk we Günorta Koreýanyň lideriniň arasyndaky taryhy duşuşygyň dowam etmegini arzuw edýäris” diýdi.

“Haber Türk” gazeti “Çawuşogly Lawrow bilen Siriýa barada pikir alyşdy” söz başyly habarynda Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini mälim edýär.

Çawuşogly bilen Lawrow telefon söhbetdeşliginde Siriýada we Homusda başdan geçirilýän soňky wakalar barada pikir alyşdy.

“Star” gazeti “Albaniýanyň Premýer ministri Rama; FETÖ/PÝD howply gurama” diýdi söz başyly habarynda Albaniýanyň Premýer ministri Edi Ramanyň Fetullahçy terror guramasy FETÖ/PDÝ-nyň howply guramadygy hakyndaky sözlerine ýer berýär.

Rama Albaniýanyň Ora Nýus telewideniýe kanalyna beren beýanatynda “Türkiýede saýlanan hökümeti ýaraglar arkaly agdarmaga synanşan howply guramadygyny aýdyp bilerin. Albaniýa şol guramanyň agzalaryna garşy tutanýerli tutum alyp barmaga dowam eder”diýdi.

“Watan” gazeti “Türk Akymy Türkiýe serhedine geldi” söz başyly habarynda Türk Akymy turba geçiriji taslamasyny emele getirýän geçirijiniň birinji böleginiň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen Türkiýäniň Garadeňiz kenarlaryna çenli gelinendigini ýazýar.

Taslamanyň gury ýer bölegindäki işleriň tamamlanmagy bilen birlikde geçiriji 2019-njy ýylyň dekabr aýynda ulanylmaga berler.

“Sabah” gazeti “Milli göreşçi Ryza Kaýaalp Ýewropa çempiony boldy” söz başyly habarynda Russiýa Federassiýasynyň Dagystan Awtanomiýasynda geçirlen Ýewropa göreş çempionadynda grek rim göreşi boýunça 130 kilogram agyrlykda bäsleşen Ryza Kaýaalpyň altyn medalyň eýesi bolandygyny habar berýär

Kaspiýsk şäherinde geçirlen çempionanyn ikinji gününde milli türgen Ryza Kaýaalp grek rim göreşi boýunça 130 kilogam agyrlykda rus Witaliý Çur bilen bäsleşdi.

Milli göreşçi Ýewropa çempionatlarynda yzly yzyna 9-njy gezek final bäsleşigine gatnaşdy.

Rus bäsdeşini 2-1 hasabynda ýeňmegi başaran Ryza Kaýaalp altyn medalyň eýesi boldy.

8-njy gezek Ýewropa çempiony bolan Kaýaalyp “Asyryň göreşçisi” çinine hem eýe boldy.



Degişli Habarlar