Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

957517
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Erdogan dünýäniň çar tarapyndan gelen çagalary kabul etdi” söz başyly  habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň 23-nji aprel Milli hâkimiýet we Çagalar baýramyna bagyşlanyp geçirilýän çarelere gatnaşmak üçin 40 ýurtdan gelen çagalary Prezidentiň kompleksinde kabul edendigini ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Çawuşogly belgiýaly kardeşine PKK barada duýduryş berdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň BMG-niň ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde guran “Parahatçylygy ýola goýmak we Parahatçylygyň durnuklylygy” temaly maslahatynda Belgiýanyň Wise-premýeri we Daşary işler ministri Didier Renders bilen duşuşandygyny, Çawuşoglynyň Reýnderse ekstremist terror guramasy PKK-nyň Belgiýada günsaýyn ýaýbaňlanýan aksiýalaryna garşy netijeli göreşilmelidigini aýdandygyny mälim edýär.

“Watan” gazeti “Zeýbekji türk-rus söwda gatnaşyklaryny analiz etdi” söz başyly habarynda, Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekjiniň Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklar barada pikir alyşmak üçin Russiýada saparda bolandygyny ýazýar. Gazet Zeýbekjiniň paýtagt Moskwada Rus-Türk Hökümetara toparynyň Russiýa tarapynyň ýolbaşçysy we Energetika ministri Aleksandr Nowak hem-de Russiýanyň Oba hojalyk ministri Aleksandr Tkaçew bilen duşuşandygyny, Nowak bilen geçirilen duşuşykda Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky bar bolan söwda-ykdysady gatnaşyklar barada pikir alyşan Zeýbekjiniň özara gatnaşyklaryň oňyn taraplarynyň seljerilendigini we bar bolan bökdençlikleriň ortadan aýrymagy üçin bilelikde işleşmek barada ylalaşandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Aliýew Türkiýede saparda bolar” söz başyly habarynda, Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýewiň aprel aýynyň 24-25-i aralygynda resmi sapar bilen Türkiýede boljakdygyny, saparyň dowamynda Prezidentler R.T.Erdoganyň we İlham Aliýewiň ýolbaşçylyk etmeginde Türkiýe-Azerbaýjan Ýokary derejeli Strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň ýedinji maslahatynyň geçiriljekdigini ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Türkiýä gelýän iňlisleriň sany İspaniýadan köp” söz başyly habarynda, Britaniýadan Türkiýä gelmek üçin isleg bildirýänleriň sanynyň 2018-nji ýylda 84 göterin artandygyny, görkejizilere görä onuň İspaniýadan we Kanariýa adalaryndan hem ýokary bolandygyny mälim edýär.


Etiketkalar: #Türkiýe , #gazet , #iňlis

Degişli Habarlar