Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

935121
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýäniň tapawudy” söz başyly habarynda, ABŞ, Russiýa we Siriýanyň hökümeti onlarça müň asuda ilaty gyran bolsa, Halabyň, Rakkanyň, Mosulyň we Gündogar Gutanyň geçirilen operasiýalardan soň ýer bilen ýegsan edilendigini ýazýar. Gazet Türk goşunynyň bolsa “Zeýtun Şahajygy” operasiýasynda asuda ilatdan ýekeje adama hem zyýan ýetirmändigini, Afrindäki binalara, taryhy ýadygärliklere elem degirmändigini, onuň alynan ýazgylar, düşürilen fotosuratlar bilen subut edilýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Dünýä Türkiýäniň ýerli ýaraglaryna geň galmak bilen seredýär” söz başyly habarynda, Türkiýäniň döwrebap söweşiň ugruny özgerden öz ýaragly uçarmansyz howa ulaglaryny öndürendigini mälim edýär. Habarda serhetaşa operasiýalar bilen bilelikde üstünligine üstünlik goşan ýerli howa ulaglarynyň eksport edilmäge hem başlanjakdygyny, ýaragly uçarmansyz howa ulaglaryny öndürýän “Baýkar” firmasy bilen Kataryň Ýaragly güýçleriniň arasynda gol çekişilen ylalaşyga laýyklykda 1 ýylyň dowamynda 6 sany ulagyň ähli desgalar bilen bilelikde Katara gowşuryljakdygy mälim edilýär.

“Watan” gazeti “Ekstremist terror guramasy PKK/PÝD-ÝPG-niň Türkiýä atýan raketalary Amerikan önümi” söz başyly habarynda, Türk ýaragly güýçleriniň alyp barýan “Zeýtun Şahajygy” operasiýasynyň tamamlanyp barýandygyny, şol operasiýanyň dowamynda serhediň aňyrsyndan atylan raketalarda çekilen adam pidalaryny derňän Kilisiň welaýat prokuroturasynyň Türkiýäniň “PKK/PÝD-niň Amerikan ýaraglaryny ulanýandygy” baradaky garaýyşlaryny tassyklaýan delilleri toplandygyny ýazýar.

“Sabah” gazeti “Türkiýe dünýä ýurtlaryna suw ýetirýär” söz başyly habarynda, arassa agyz suwunyň ýetmezçilik edýän ýerlerinde Türkiýäniň Afrika, Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna berýän kömekleriniň çäginde suw guýularyny hem ulanmaga berýändigini mälim edýär. Gazet suw ýetmezçiligini çekýän ýurtlarda şol guýulara uly islegiň bardygyny nygtaýar.

“Haber Türk” gazeti “Jenk Tosum hem Beşikdaşa hem-de Türkiýä wekilçilik edýär” söz başyly habarynda, Britaniýanyň Premiýer ligasyndaky Ewerton komandasynda oýnaýan Jenk Tosunyň kariýerasyndaky täze döwürde diňe bir Beşikdaşy däl, eýsem Türkiýä wekilçilik edýändigini aýdandygyny ýazýar. Habarda Jenk Tosunyň twitter arkaly beren beýannamasynda janköýerleriň özüne berýän goldawy bilen ynamynyň artandygyny nygtap; “Ol oýunda maňa güýç berýär. İňňän gowy ýüzlenmeler gelip gowuşýar” diýendigini okyjy köpçliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar