Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

930171
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Ýyldyrym Azerbaýjanda” söz başyly habarynda, Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň Azerbaýjana guraýan resmi saparynyň çäginde Prezident İlham Aliýew blen geçiren duşuşygynda iki ýurduň ähli ugurda we platformarda birek-biregi goldaýandygynyň nygtalandygyny ýazýar. Gazet duşuşykda dost we dogan ýurt Azerbaýjan bilen ýokary derejeli saparlary dowam etdirmeklige berilýän ähmiýete üns çekilendigi mälim edilýär.

“Hürriýet” gazeti “Ýyldyrymyň Tillersonyň wezipeden boşadylmagy baradaky analizi” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Reks Tillersonyň Prezident Donald Tramp tarapyndan wezipeden boşadylmagyndan soň Premýer ministr Ýyldyrymyň: “Türkiýe-Amerika gatnaşyklary şahslara bagly däl. Kim bellense bellensin, Türkiýäniň pozisiýasy belli” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Energetika pudagynyň öňdebaryjylary Türkiýede duşuşar” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýrak tarapynda aýratyn üns berilýän “Türkiýäniň ernergiýa merkezi bolmagy” baradaky taslamanyň çäginde ýene-de bir möhüm başlangyjyň edilýändigine ünsleri çekýär. Habarda energetika pudagynda dünýäniň öňdebaryjy firmalarynyn geotermal energiýa maslahatyna gatnaşmak üçin Türkiýä geljekdikleri, maslahata 400-den gowrak dünýä belli firmanyň ýolbaşçylarynyň gelmeginiň meýilleşdirilýändigi nygtalýar.

“Watan” gazeti “Syýahatçylyk gulluklaryna uly goldaw” söz başyly habarynda, Türkiýä syýahatçy getirýän gulluklara berilýän goldawyň 50 göterim ýokarlandyrylandygyny, syýahatçylaryň az gelýän döwründe uçar bilen ýolagçy getirýänlere bolsa berilýän godlawyň 6 esse ýokarlandyryljakdygyny, Uzak Gündogardan we köp çykdawy edýän syýahatçylaryň ýaşaýan ýurtlaryndan syýahatçy getirenlere bolsa 20 göterimlik goşmaça goldawyň beriljekdigini mälim edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “ÝB Türkiýä 3 milliard ýewronyň berilmegini tassyklady” söz başyly habarynda, ÝB-niň 2016-njy ýylda gol çekişilen Bosgunlaryň yzyna alynmagy baradaky ylalaşyga laýyklykda Türkiýä wada beren töleginiň 3 milliard ýewrolyk ikinji böleginiň geçirilmegini tassyklandygyny, Brýusselde metbugat ýygnagyny geçrien ÝB Komissiýasynyň Bosgunlardan jogapkär ýolbaşçysy Dimitris Awramapulosyň: “Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky ylalaşyk dowam etmeli. Gatnaşyklar ösýär we ol iki tarap üçin hem bähbitli” diýendigini ýazýar.



Degişli Habarlar