Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

925904
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

 

“Watan” gazeti “Erdogan; Afrin hem terrorçylardan saplanyp eýelerine gowşurylar” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Siriýanyň Afrin etrabynda dowam etdirilýän “Zeýtun Şahajygy” operasiýasynyň diňe sebiti terrorçylardan saplamak üçin başladylandygyny aýdandygyny ýazýar. Gazet Erdoganyň Beştepe Medeniýet we maslahatlar merkezinde Maşgala hem-de sosial syýasatlar ministrliginiň Halkara aýal-gyzlar güni mynasybetli geçiren çaresinde sözlän sözünde Jarablus ýaly Afriniň hem terrorçylardan saplanyp eýelerine gowşuryljakdygyny aýdandygyny mälim edýär.

“Haber Türk” gazeti “Çawuşogly Yraga serhetaşa operasiýa guralyp bilinjekdigini duýdurdy” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň ekstremist terror guramasy PKK garşy Yragyň hökümeti bilen bilelikde serhetaşa operasiýa guraljakdygyny, iş sapary bilen Awstriýada bolýan Çawuşoglynyň Yrakdaky saýlawdan soň terror guramasy PKK garşy resmi Bagdat bilen bilelikde serhetaşa operasiýa guramak boýunça Premýer ministr Haýdar Al Abadi bilen gepleşik geçirilendigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Milli goranmak ministri Janikli Wengriýada” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Nurettin Janikliniň resmi sapar bilen Budapeşte guraýan saparynyň dowamynda Wengriýanyň Goranmak ministri İstwan Simikso bilen duşuşyp, toparara gepleşiklere ýolbaşçylyk edendigini, ministr Janikliniň: “Häzirki wagtda Türk ýaragly güýçleri sebitde terrorçylara garşy gaýduwsyz göreşýär we şol göreşimiz terrorçylar doly ýok edilýänçä üznüksiz we egilşiksiz dowam eder” diýendigini ýazýar.

“Star” gazeti “Türkiýä sagbolsun aýdýarys” söz başyly habarynda, Wengriýanyň Goranmak ministri İstwan Simikskonyň ýurdunyň we Ýewropanyň howpsyzlygy üçin Türkiýäniň edýän pidakärlikleri üçin sagbolsun aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Ýerli e-poçtalar açylar” söz başyly habarynda, Transport, denizjilik we aragatnaşyk ministriniň kömekçi geňeşçisi Galip Zereýiň Türkiýäniň Ylmy we Tehnologik Barlaglar Guramasy bilen birlikde ýerli elektron poçtalaryň üstünde işleýändiklerini nygtap: “Bu barada golaýda giňişleýin maglumat beriler. Maglumatlaryň daşary gitmegini islemeýäris” diýen sözlerine ünsleri çekýär.



Degişli Habarlar