Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

924445
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Erdogan BMG-na Gündogar Guta boýunça reaksiýa bildirdi” söz başyly habarynda, Prezident we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy R.T.Erdoganyň partiýasynyň mejlisdäki maslahatynda sözlän sözünde Siriýanyň hökümetine degişli güýçleriň gabawy astyndaky Gündogar Gutada dowam edýän pajyga dymmak bilen syn edýän BMG-ne berk reaksiýa bildirip; “Gündogar Gutadaky wakalara geçirimlilik edilermi? Adamkärçilige sygýarmy? BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşi karar kabul edýär. Ýeriň düýbüne batsyn siziň kararynyz. İş ýüzüne geçirilmeýän kararyň adamzat üçin manysy barmy? Siz adamzady aldadýaňyz, bu wakalar adamkärçilige sygýarmy” diýip ýüzlenendigini ýazýar.

“Sabah” gazeti “Erdogan bilen Putin telefon arkaly söhbetdeş boldy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny, söhbetdeşlikde Siriýanyň harby güýçleriniň gabawy astyndaky Gündogar Gutada dowam edýän pajyganyň başda durmagynda soňky wakalar barada pikir alyşylandygyny mälim edýär. gazet Erdoganyň Türk ýaragly güýçleri tarapyndan Siriýanyň Afrin etrabynda dowam edýän “Zeýtun Şahajygy” operasiýasy barada maglumat berip, özara gatnaşyklar barada durup geçendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “Çawuşogly: ABŞ bilen ylalaşýarys” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň ABŞ bilen Munbiç meselesi boýunça geçirilen gepleşikler barada beren beýanatynda; “İçerki uruşdan ozalky demografik gurluşa esaslanylar. Ylalaşyk üçin ilki ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky şahasy ÝPG Munbiçden çekilmeli. Sürgün edilenler yzyna dolanmaly. ABŞ bilen ilat mukdaryna göra dolanşyk boýunça ylalaşýarys” diýen sözlerini çap edýär.

“Haber Türk” gazeti “Zeýbekji polat we alýumin barada beýannama berdi” söz başyly habarynda, Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekjiniň ABŞ-nyň import edilýän polada we alýumine goşmaça gümrük salgydynyň goýulmagy baradaky karary boýuça ÝB-niň Söwda komissary Sejilia Malmstrom bilen telefon arkaly pikir alyşandygyny, telefon söhbetdeşliginde iki tarapyň hem Bütindünýä Söwda Guramasynyň çäginde bilelikde hereket edilmegi barada ylalaşyk gazanandygy mälim edilýär.

“Star” gazeti “Daşary ýurtlularyn Türkiýedäki gozgalmasyz emläk goýumy geçen ýyl bilen deňeşdirilende 2 esse ýokarlady” söz başyly habarynda, Jaý eýeçiligi we Katastro baş müdiri Mehmet Zeki Adlynyň daşary ýurtlularyn Türkiýeden gozgalmazsyz emläk aluwlary barada beren maglumatynda; “Häzirki wagta çenli Türkiýe boýunça 147,924 daşary ýurtly 68,319 gozgalmasyz emläk aldy. geçen ýylky sanlara seredenimizde bolsa 24,111 daşary ýurtlynyň 15,508 emläk alandygyny görýäris” diýen sözlerine ünsleri çekýär.


Etiketkalar: #dünýä , #Watan , #gazet , #polat , #alýumin

Degişli Habarlar