Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

919167
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Erdogan kwota ulgamy söwda gatnaşyklarymyza ýaramaz täsirini ýetirýär” söz başyly habarynda Prezident R. T. Erdoganyň Alžire guraýan resmi saparynyň öňüsyrasynda Alžirde çap edilýän Aş Şuruk gazetine gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berendigini ýazýar.

Kwota ulgamynyň iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryna ýaramaz täsirini ýetirýändigini aýdan Prezident Erdogan, iki ýurduň söwda we maýa goýum taýdan uly mümkinçilige eýedigini we şol mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanylan halatynda gatnaşyklaryň has-da ösjekdigini ýatlatdy.

“Watan” gazeti “Erdogan Makron bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi” söz başyly habarynda Prezident R. T. Erdoganyň Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini habar berýär.

Iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde Siriýadaky soňky wakalar bilen birlikde iki taraply gatnaşyklar barada pikir alyşdy.

Türk ýaragly güýçleri tarapyndan  Siriýanyn Afrin etrabynda geçirilýän Zeýtun şahajygy operasiýasy barada maglumat beren Prezident Erdogan, Afriniň terrorçylardan saplanmagyndan soň bosgunlaryň öýlerine dolanjakdygyny nygtady.

“Star” gazeti “Akar, terrorçylar we terrora goldaw berýän daşarky güýçler maksadyna ýetip bilmez” söz başyly habarynda Baş ştabyň başlygy goşun generaly Hulusi Akaryň terrorçylaryň we olara goldaw berýän daşary güýçleriň uly ýeňilişe sezewar boljakdygy hakyndaky sözlerine ýer berýär.

Serkerdeler bilen birlikde Hataýa iş saparyny guran Baş ştabyň başlygy goşun generaly Hulusi Akar “Afrindäki terrorçylar we olara goldaw berýänler hökmany suratda ýeňilişe sezewar bolarlar” diýdi.

“Haber Türk” gazeti Britaniýanyň Işçi partiýasynyň lideri Korbiniň ýurdunyň ÝB-ne agzalykdan çykmagyndan soň Gümrük bileleşiginiň çäginde galmalydygyny nygtady .

Korbin Britaniýanyň ÝB bilen Türkiýe we Norwegiýa ýaly gatnaşyk edip biljekdigini ýatlatdy.

“Ýeni Şafak” gazeti “Täze 6 stadion gurlar” söz başyly habarynda Ýaşlar we sport ministrliginiň Köpçülikleýin ýaşaýyş jaý edarasy bilen birlikde Ankarada, Elazygda, Erzinjanda, Hakkaride, Şyrnakda we Edirnede 6 stadion gurjakdygyny we stadionlaryň jemi gymmatynyň 820 million lira barabar boljakdygyny ýazýar.


Etiketkalar: #kwota , #ulgam , #telefon , #Siriýa

Degişli Habarlar