Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Watan gazedi: “Erdoganyň Salih Müslim bilen baglanşykly beýanaty” söz başyly habarynda, Ýurdyň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Rejep Taýýip Erdoganyň Çehiýada tussag edilen ekstremist terror guramasy PÝD/PKK-nyň gyzyl býulleten bilen gözlenýän guramanyň ozalky egindeş baştutany Salih Müslimiň Türkiýä berilmegine hoşal boljakdyklaryny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Erdoganyň Şanlyurfada eden çykyşynda: “Çehiýa ony Türkiýä berjekdigine ynanýarys. Bular ummady böldüler we bu milleti böldüler. Şonuň üçin biz bu terrorçylara garşy göreşýäris. Ýogsam biziň kürt doganlarymyz bilen meselämiz ýok, biziň göreşimiz terrorçylara garşy” diýendigini habar berýär.

Ýeni Şafak gazedi: “Ýyldyrym: goranyş pudagynyň maýa goýumlary 35 milliard dollary geçdi” söz başyly habarynda, Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň Kojaelidäki Göljük gämi ussahanasy serkerdeliginde geçirilen Muratreis suwasty gämisiniň gurluşygyna badalga bermek dabarasyna gatnaşandygyny habar berýär. Gazet Ýyldyrymyň: “Şu günki güne çenli goranyş senagatymyza goýan maýalarymyzyň mukdary 35 milliard dollary geçdi. Mundan başgada goranyş senagatmyzyň eksporty hem 2 milliard dollardan geçdi” diýendigini belleýär.

Star gazedi: “Türkiýäniň sowutly ulagy Senegaly gorar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň goranyş senagaty tarapyndan öndürilýän gury ýer sowutly ulagyna bolan gyzyklanmanyň daşary ýurtlarda täze gapylaryň açylmagyna sebäp döredýändigini mälim edýär. Gazet Senegalyň Nurol Makine kärhanasy tarapyndan öndürilýän 4x4 sowutly ulagy Ežder Ýalçyny we köpçülikleýin wakalaryň öňüni alyş ulagy bolan Ežder TOMA-ny alandygyny nygtaýar.

Haber Türk gazedi: “Syýahatçylyk jennedi howa menzili bilen ösüşe geçer” söz başyly habarynda, tomus möwsüminiň merkezleriniň biri bolan Çeşme etrabynyň Alaçatyda gurulmagy meýilleşdirilýän täze howa menzili bilen ýylyň 4 paslynda hem syýahatçylara gapysyny açmagy maksat edinýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Türkiýe Myhmanhanalar federasiýasynyň başlygynyň orunbasary Mehmet Işleriň etrapda transport ýetmezçiliginiň ortadan aýrylmagy bilen dünýäde syýahatçylyk zolaklarynyň öňdebaryjy merkeziniň birine öwrüljekdigini aýdandygyny habar berýär.  

Hürriýet gazedi: “Syýahatçylyk girdejileriniň 22,5 göterimi daşary ýurtda ýaşaýan türklerden” söz başyly habarynda, Türkiýäniň 2017-nji ýyldaky 26,3 milliard dollar bolan jemi syýahatçylyk girdejisiniň 22,5 göteriminiň daşary ýurtlarda ýaşaýan türklerden alynandygyny mälim edýär. Habarda Ortaýer deňizi Myhmanhanalar we dolandyryjylar bileleşigi tarapyndan berilen habarnama görä 2017-nji ýylda Türkiýä dynç almaga gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň her biriniň ortaça 630 dollar sarp edendigi, daşary ýurtlarda ýaşaýan türkleriň bolsa ortaça 903 dollar sarp edendigi beýan edilýär.


Etiketkalar: pudak , Şanlyurfa , dogan , kürt , Erdogan , gazet , Watan

Degişli Habarlar