Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

916698
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

 

“Ýeni Şafak” gazeti “Medeniýet we sungat baýraklary eýelerine gowşuryldy” söz başyly habarynda Prezident R. T. Erdoganyň Prezidentiň Kompleksinde geçirlen Medeniýet we syýahat ministrliginiň Medeniýet we sungat baýraklarynyň eýelerine gowşurlyş dabarasynda çykyş edendigini ýazýar.

Prezident Erdogan dabarada eden çykyşynda “Türkiýäniň 2023-nji ýyldaky masadyna ýetmegi üçin gije gündüz diýmän işlemäge dowam ederis, medeniýetden we sungatdan hem asla ýüz öwürmeris” diýdi

“Hürriýet” gazeti “Hökümetiň metbugat geňeşçisi Afrin barada möhüm maglumat berdi” söz başyly habarynda, Wise-premýer we hökümetiň metbugat geňeşçisi Bekir Bozdagyň Anadoly Habalar gullugyna gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berendigini habar berýär.

Bozdag Siriýanyň hökümeti bilen ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölegi PÝD/ÝPG-niň Afrin üçin gepleşik geçirmäge başlandygyny aýtdy.

Bozdag “Türkiýe sebiti terror guramalaryndan we terrorçylaryndan doly saplaýança göreşini dowam etdirer. Eger Asada tabynlykdaky güýçler ÝPG/PÝD-niň hatarynda söweşen halatynda olary hem nyşana alarys” diýdi.

“Star” gazeti “Ýerli dwigatel bilen ilkinji uçuşyny amala aşyrdy” söz başyly habarynda Türk Awiasiýa we kosmos senagaty TUSAŞ/TAI-niň öndüren uçarmansyz howa ulagy ANKA-nyň Türkiýede öndürlen dwigatel bilen ilkinji uçuşyny üstünlikli ýagdaýda ama aşyrandygyny habar berýär.

“Haber Türk” gazeti “Hytaýlylar türk fundugyny halady” söz başyly habarynda dünýäde funduk önümçiliginde we eksportunda esasy orun eýeleýän Türkiýe üçin Ýewropadan soň Hytaýyň hem esasy bazar ýagdaýyna gelendigini ýazýar.

Türkiýe Hytaýa 2007-nji ýylda 712 müň 928 kilogram funduk satdy. Şol san 2017-nji ýylda 7 million 307 müň 265 kilograma çenli baryp ýetdi. 2007-2017-nji ýyllaryň aralygynda Hytaýa jemi 26 million 74 müň 791 kilogram funduk eksport edildi we 216 million 258 müň 538 dollarlyk gideji gazanyldy.

“Watan” gazeti “2,5 million iňlis Türkiýä geler” söz başyly habarynda Britaniýanyň mehur syýahat agentligi ABTA-nyň 2018-nji ýylda 2,5 million iňlis syýahatçynyň Türkiýede dynç alyp biljekdigine ünsi çekendigini ýazýar.

 

 

 

 



Degişli Habarlar