Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

915692
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Erdogan: uçarmansyz tank öndüreris” söz başyly habarynda Prezident R. T. Erdoganyň Türkiýäniň uçarmansyz tank öndürip biljek ýagdaýa geljekdigi hakyndaky sözlerine ýer berýär.

Prezident Erdogan Beştepe Millet medeniýet we kongres merkezinde 11-nji Galkynyş meýilnamasynyň tanyşdyrylyş maslahatynda eden çykyşynda “Uçarmansyz tanklary hem öndürip biljek ýagdaýa geleris”diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Premýer ministrden prasent stawka we infilýasyýa üçin jebislik çagyryşy” söz başyly habarynda Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň Daşarky ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň Çankaýa köşgünde geçirlen maslahatynda prasent stawkalar we infilýasiýa üçin jebislik çagyryşyny berendigini ýazýar.

Premýer ministr Ýyldyrym prasent stawkalaryň we infilýasyýanyň aşakadylmagy üçin jebislikde hereket edilmelidigini aýratyn belledi.

“Watan” gazeti “Türkiýäniň ilaty 2040-njy ýylda 100 milliona ýeter” söz başyly habarynda Türkiýäniň ilatynyň 2040-njy ýylda 100 milliondan geçmegine garaşylýandygyny habar berýär.

Türkiýäniň Hasabat guramasynyň geçiren ylmy barlaglaryň netijeleri baradaky beýanatynda “Türkiýäniň ilatynyň 2040-njy ýylda 100 milliondan geçmegine garaşylýar” diýildi.

“Haber Türk” gazeti “Apple Ýigit Jan Ýylmaza minnetdarlyk bildirdi” söz başyly habarynda Kahramanmaraşda ýaşaýan we Apple ulgamynda howpsyzlyk taýdan käbir kemçilikleriň bardygyny anyklan 16 ýaşyndaky Ýigit Jan Ýylmaza minnetdarlyk bildirendigini ýazýar.

Ýigit Jan Ýylmaz Appliň erbet niýetli adamlar tarapyndan dolandyrylmazlygy baradaky işleriň üsünde işleýändigini aýtdy.

“Hürriýet” gazeti “Türk seriallary somalileriň ünsüni özüne çekýär” söz başyly habarynda merkezi Katarda ýerleştän Al Žazerra telewideniýesi Somalide soňky döwürde türk seriallaryna bolan gyzyklanmanyň barha artýandygyny habar berdi.

 



Degişli Habarlar