Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

909527
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Ýyldyrym Ýewropa jerime çeker” söz başyly habarynda Premýer ministr Binali Ýyldyrym resmi sapar bilen Türkiýä gelen Makedoniýanyň Premýer ministri Zoran Zaew bilen bolan duşuşygyndan soň beýanat berendigini ýazýar.

Beýanatynda Zeýtun şahajygy operasiýasy barada durup geçen Premýer ministr Ýyldyrym “ Eger Türkiýe bu ýerlere eýe çykmasa, hem bosgun krizisi , hem-de terror tolkuny sebäpli Ýewropa munyň jerimesini çekmeli bolar. Emma gynansakda ÝB bu hakykaty ýeterlik derejede görüp bilmeýär” diýdi.

“Haber Türk” gazeti “Wise-premýer Çawuşogly; ABŞ-nyň tutumy gatnaşyklaryň bökdelmegine sebäp bolup biler” söz başyly habarynda Wise-premýer Hakan Çawuşogly TRT-ä gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda beýanat berendigini aýan edýär.

Wise-premýer Hakan Çawuşogly ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagonyň 2019-njy ýyldaky bujetinde Siriýa demokratik güýçleri adyny ulanýan terror guramasy PÝD/PKK-a tälim ber-üpjün et taslamasy üçin 300, gurama gurdurlan serhet howpsyzlyk güýji üçin hem 250 million dollaryň bölünip berilmegi barada “ABŞ-nyň bu tutumy iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň bökdelmegine sebäp bolup biler” diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Tillersonyň saparynyň öňüsyrasynda Çawuşoglundan möhüm ýüzlenme” söz başyly habarynda Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň ABŞ-nyň Döwlet sekretary Reks Tilleronyň Ankara gurajak saparynyň öňüsyrasynda möhüm beýanat berendigini ýazýar.

ABŞ-nyň beren sözüni ýerine ýetirmeýändigini ýatladan Daşary işler ministri Çawuşogly “Ýa düzeler ýada gatnaşyklar dolulygyna bökdeler” diýdi.

“Watan” gazeti “Ýene-de bir ýurt Türkiýeden dik uçar satyn alar” söz başyly habarynda Filippiniň Goranmak ministri Delfin Lorenzanyň umumy maksatly dik uçar satyn almak üçin Türkiýe, Koreýa, Russiýa we Hytaý bilen şertnama baglaşmak barada pikir edýändikleri hakyndaky sözlerine ýer berýär.



Degişli Habarlar