Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

904492
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “59 ýyl soň geçirilen duşuşykda İýerusalim ylalaşygy” söz başyly habarynda, 59 ýyl soň Türkiýeden Watikana Prezident derejesinde guralan ilkinji saparda İýerusalimiň BMG-niň kararlary hem-de halkara hukugy tarapyndan kesgitlenen derejesiniň dowam etdirilmelidiginiň nygtalaýdngyny ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “JhatsAppa” bäsdeş ýerli we milli PTT Messenger açylar” söz başyly habarynda, Wise-premýer Bekir Bozdagyň Ministrler kabinetiniň mejlisinde PTT (Poçta, telefon, telegraf) Baş müdirligi tarapyndan düzülen aragatnaşyk ulgamy “PTT Messengeriň” gün tertibine gelendigini beýan edip, “WhatsAppyň” ýerli we milli görnüşi. Dolulygyna ýerli we milli maksatnama görä düzüldi. Döwlet edaralary şondan peýdalanar, soň raýatlaryň ulanmagyna hödürlener. Haýsydyr bir maglumat serwerde saklanmaýandygy üçin maglumatlary ele geçirmek mümkin bolmaz. “WhatsAppdan” has howpsyz ulgam düzüldi” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “Bir öýjükli inflýasiýa üçin tagallamyzyň depginini güýçlendireris” söz başyly habarynda, Wise-premýer Mehmet Şimşegiň e-poçta arkaly beren beýannamasynda walýuta kurslaryndaky durnuklylygyň inflýasiýadaky ýokarlamanyň gowşamagyna goşant goşmagyna garaşýandyklaryny nygtap: “Hökümet inflýasiýany bir öýjükli sanlara çenli aşaklatmak üçin tagallasyny güýçlendirer” diýen sözlerini ünsleri çekýär.

“Sabah” gazeti “Antalýada hindi toýlary başlaýar” söz başyly habarynda, Antalýada hindi toýlarynyň gymmat bahaly daşlar bilen bezelen, dört adam tarapyndan göterilýän tagta oturan gelin konsepsiýasy bilen başlandygyny ýazýar. Gazet üç gün, üç gijelik ilkinji hindi toýunyň Belek Syýahatçylyk merkezindäki bäş ýyldyzly myhmanhanalardan birinde bolandygyny mälim edýär.

“Hürriýet” gazeti “56 ýurda mata eksport edýär” söz başyly habarynda, Gaziantep welaýatynda 21 ýyl ozal açylan we innowasiýalar arkaly ýokary hili matalary öndürýän “Mogul A.Ş” firmasynyň 56 ýurda 65 million dollarlyk eksport edýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.


Etiketkalar: #Star , #gazet , #PTT

Degişli Habarlar