Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

903714
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Watikana Prezident derejesinde ikinji sapar” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň resmi sapar bilen Watikana barandygyny ýazýar. Gazet Papa Frankis bilen duşuşjak Erdoganyň Rimde İtaliýanyň Prezidenti Sergio Matarella bilen görüşjekdigini ýazýar. Habarda Erdoganyň 59 ýyl soň Watikana baran ikinji Prezidentdigini, duşuşyklarda Türkiýe-Watikan gatnaşyklary, İýerusalim meselesi, sebitleýin meseleler, Siriýada dowam edýän gumanitar pajyga, daşary ýurt duşmançylygy hem-de yslam duşmançylygyna garşy göreş ýaly meselelere garaljakdygy nygtalýar.

“Sabah” gazeti “Premýer ministr Ýyldyrymyň Hataý we Kilis baradaky beýanaty” söz başyly habarynda, Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň “Zeýtun Şahajygy” operasiýasynyň  başlan gününden bäri Hataý welaýatyna 60, Kilis welaýatyna 34 jemi 94 sany raketa hüjüminiň guralandygyny, asuda ilatdan 7 adamyň şehit bolandygyny, 113 adamyň ýaralanandygyny habar berendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet 20-nji ýanwarda başlan operasiýanyň meýilleşdirilşi ýaly dowam edýandigini nygtan Ýyldyrymyň “Türk ýaragly güýçleri 538 nyşanany ýok etdi, 935 terrorçy täsirsiz ýagdaýa” getirildi diýendigini ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Terrorçy egin-eşigini geýinen atylar” söz başyly habarynda, Wise-premýer Bekir Bozdagyň Türkiýäniň başlatjak üçünji operasiýasynyň Munbije guraljakdygyny, “Eger amerikaly esgerler terrorçylaryň egin-eşigini geýinip, terrorçylaryň arasyna goşulyşyp Türk ýaragly güýçlerine garşy hüjüm guran halatynda hiç hili tapawut goýulmaz” diýen sözlerine ünsi çekýär.

“Haber Türk” gazeti “Türk awtoulag senagatynyň rekord önümçiligi” söz başyly habarynda, 2017-nji ýylda Türkiýede 2016-njy ýyl bilen deňeşdirilende awtoulag önümçiliginiň 13 göterim ýokarlap, 1,67 milliona, ýeňil awtoulaglaryň bolsa 1,12 milliona barabar bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “İki türk bütin dünýäniň umydyna öwrüldi” söz başyly habarynda, Germaniýada ýaşaýan Prof.dr. Ugur Şahin bilen ýoldaşy Dr.Özlem Türejiniň rak keselini ýeňmek üçin uzak ýyllardan bäri dowam etdirýän ylmy barlaglarynyň dünýäde umyt döredendigini ýazýar. Gazet Prof.dr. Ugur Şahin bilen ýoldaşy Dr.Özlem Türejiniň agyr derejeli 13 sany rak keselli hassada ragyň gaýtalanmagynyň öňüni almagyň hötdesinden gelendiklerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar