Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

899878
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: “Birden köp ABŞ bar” söz başyly habarynda, Wise-premýer we hökümediň metbugat geňeşçisi Bekir Bozdagyň hususy telewideniýeleriň birinde eden çykyşynda: “Aýdylýan başga, edilýän başga. Mundan beýläk Türkiýe hökmünde berilen sözlere garnymyz doýdy. Indi biz berilen sözüň ýerine ýetirilişine serederis. Mundan beýläk Türkiýe diňe berilen sözi diňlemez, söz bilen birlikde ýerine ýetirilen işlerede üns berer. Öňümizde birnäçe ABŞ bar. Bir meselede Pentagon bir zat, Döwlet sekretarlygy başga bir zat aýdýar. Biziň hem kellämiz bulam-bujar bolýar. Haýsyny diňlejegimizi bilemzok” diýendigini mälim edýär.

Watan gazedi: “Çawuşogly: Amerika ýalňyz bir hyzmatdaş saýlady” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly tarapyndan ýazylan “ABŞ ýalňyş bir hyzmatdaş saýlady” atly makalasynyň The New York Times gazediniň internet saýtynda çap edilendigini habar berýär. Gazet Çawuşoglynyň ABŞ-niň Siriýada terror guramasy ÝPG/PKK-ny ýerli hyzmatdaş hökmünde saýlamagynyň Türkiýe-ABŞ gatnaşyklaryna ýaramaz täsir ýetirendigini belläp: “ABŞ-niň Türkiýe ýaly bir hyzmatdaşy bar mahaly ÝPG/PKK-e ynanmagy özüne zeper ýetirjek bir ýalňyş hereketdir” diýendigini belleýär.

Sabah gazedi: “Ýüz tutan ähli maşgala peýdalanyp biler. Nusgway oba taslamasy bilen oba-hojalyk we maldarçylyk artar” söz başyly habarynda,  Oba-hojalyk önümlerinde we maldarçylykda garaşylýan netijäniň alynmagy üçin Azyk, oba-hojalyk we maldarçylyk ministrligi tarapyndan nusgway oba modeliniň işlenip taýarlanandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda her welaýatda 3 obanyň goldanyp daýhanlara nusgawy hökmünde görkeziljek gollanma bilen baglanşykly TBMM-niň Oba-hojalyk, Tokaýçylyk we Oba işleri komissiýasynyň agzasy we AK partiýanyň Erzurumdan deputaty Orhan Deligöziň Azyk, oba-hojalyk we maldarçylyk ministrliginiň nusgawy oba modelini durmuşa geçirmäge taýarlanýandyklaryny aýdandygy nygtalýar.

Haber Türk gazedi: “Gyzyl ýarymaýdan Malatýa 20 million dollarlyk maýa” söz başyly habarynda, Malatýada 1989-njy ýylda gurulan, emma hiç wagt ulanylmadyk Wagon bejeriş fabriginde Türk Gyzyl ýarymaý tarapyndan 20 million dolalrlyk maýa goýum bilen Betbagtçylyklardan goranyş ulgamlarynyň öndüriljekdigini mälim edýär.

Star gazedi: “Türk syýahatçylygyndan Nýu-Ýorka hüjüm” söz başyly habarynda, ABŞ-niň medeniýet paýtagty Nýu-Ýorkda her ýyl geçirilýän we Demirgazyk Amerika materiginiň iň uly syýahatçylyk sergisi bolan ‘The New York Times Travel Show’ sergisine şu ýyl türk kärhanalarynyň hem gatnaşýandygyny beyan edýär.



Degişli Habarlar