Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

899156
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: “Afriniň ýoly açyldy” söz başyly habarynda, Zeýtun şahajygy operasiýasynda möhüm ýerleriniň biri bolan Burseýa dagynyň düýn terrorçylardan dolulygyna saplanandygyny we Afrin merkezine gidýän ýoluň açylandygyny habar berýär. Gazet Burseýa dagynda esgerleriň Türkiýaniň baýdagyny asandygyny belleýär. Habarda Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan berilen beýanatda 73-i düýn bolmak bilen operasiýanyň başyndan bäri jemi 557 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi beýan edilýär.
 

Ýeni Şafak gazedi: “Bozdagdan ABŞ-e rekasiýa: Dagydarys” söz başyly habarynda, Wise-premýer we hökümediň metbugat geňeşçisi Bekir Bozdag Türkiýäniň mundan beýläk söz bilen birlikde ýerine ýetirilýän işlerede üns berjekdigini nygtandygy okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetriýär. Gazet Gepleşikleriň birine gatnaşyp, gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleri barada gürrüň beren Bozdagyň: “Mundan beýläk Türkiýe diňe berilen sözlere gulak asmaz, söz bilen birlikde ýerine ýetirilýän işlerede üns berer. Ikisi biri-birine gabat gelýän bolsa, onda mesele ýok. Ýöne gynansagam häzirki wagta çenli ABŞ-niň ýolbaşçylarynyň Türkiýä beren sözleri bilen eden işleri biri-birine gabat gelmedi. Ýerine ýetirilen islendik bir iş, berilen söze gabat gelmedi” diýendigini nygtaýar.

Haber Türk gazedi: “Kurs riski dolanşygynda nobat ulylarda” söz başyly habarynda, Ykdysadyýetden jogapkär Wise-premýer Mehmet Şimşegiň: “15 million dollaryň üstünde daşary ýurt walýuta bergisi bolan 2118 kärhana üçin maglumat bazasy we düzgünleşdirme işlerini şu ýylyň ilkinji ýarymynda tamamlarys” diýendigini mälim edýär.


Star gazedi: “Türkiýede ilkinji gezek mugt taksi” söz başyly habarynda, klimat çalşygyna garşy göreşmek we raýatlaryň welosiped ulanmagyny höweslendirmek maksady bilen elektrikli welosipedleriň 8 aýyň dowamynda raýatlara mugt hyzmat berjekdigini belleýär.
 

Watan gazedi: “Gün şöhlesi bilen 700 çaga bilim almak mümkinçiligi” söz başyly habarynda, Türk telekom we päsgelçiliksiz ýaşaýyş jemgyýetiniň alyp barýan Gün şöhlesi taslamasynyň 700 çaga umyt bolandygyny, taslamanyň çäginde 2018-nji ýylda ýene-de 200 çaga bilim almak mümkiçiliginiň döredilmeginiň maksat edinilýändigini habar berýär.



Degişli Habarlar