Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

880028
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

 

“Watan” gazeti “2018-nji ýylda terror azalar” söz başyly habarynda, Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň Ysparta welaýatynda ýylyň ilkinji ýüzlenmesini berendigini ýazýar. Gazet Ýyldyrymyň terrorçylyga garşy göreşde uly netije gazanylandygyny, 2018-nji ýylda terror meselesiniň gün tertibinde aýryljakdygyny nygtap: “Bir zadyň hötdesinden gelmek üçin ilki ynanmaly. Biziň guramamyz bu işe ynanýar we göreş boýunça ygralylygymyz günsaýyn güýçlenýär. Utgaşykly iňňän möhüm. Polis, žandarm, goragçy, esger… Terrorçylyga garşy göreşiň taryhynda görülmedik hyzmatdaşlyk, utgaşyklyk bar. Ol hem oňyn netije berýär” diýen sözlerini çap edýär.

“Watan” gazeti “Daşardan geljek serişdede kynçylyk çekilmez” söz başyly habarynda, ykdysadyýetden jogapkär wise-premýer Mehmet Şimşegiň Ankarada gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berendigini, Şimşegiň: “Daşardan serişde tapmakda kynçylyk çekmeris. Adaty gaznalaýyş sebitimiz bolan günbatar bilen gatnaşyklarymyz has kadaly. ÝB bilen Türkiýäniň gatnaşyklary kesilmez. Soňky wiza düşnüşmezliginde-de görşümiz ýaly Türkiýe-ABŞ gatnaşyklary hem erbetleşmez. Türkiýäniň gatnaşyklaryndaky näbelligi azaltmagy daşardan serişde tapmakda işimizi ýeňilleşdirer” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Aselsan 6,5 milliard liralyk işlegi kabul etdi” söz başyly habarynda, Harby elektronik senagatynyň (ASELSAN) şu ýyş ýurduň içinde we daşynda birnäçe taslamada jogapkärçilik alandygyny, şol çäkde 2017-nji ýylda ýurduň içinde we daşynda islegleri kanagatlandyrmak üçin 29 şertnama baglaşandygyny ýazýar. Habarda 2023-nji ýyla çenli dowam etjek taslamalar boýunça islegleriň Türk lirasy, Amerikan dollary we ýewro pul birlikleri boýunça kabul edilendigi nygtalýar.

“Star” gazeti “Türkiýe tebigy gazda merkeze öwrüler” söz başyly habarynda, Türkiýäniň geljek ýyldan başlap tebigy gazda möhüm merkeze öwrüljekdigine üns çekilýär. Gazet şol çäkde Ýewropa gaz akdyrjak TANAP taslamasynyň 2018-nji ýylda, Türk Akymy taslamasynyň bolsa 2020-nji ýyla çenli tamamlanjakdygy mälim edilýär.



Degişli Habarlar