Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

847065
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Syýasy çözgüt ylalaşygy” söz başyly habarynda Russiýanyň Soçi şäherinde duşuşan Prezident R. T. Erdogan bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Siriýa meselesi hakynda pikir alyşandygyny ýazýar.

Iki lider özara duşuşykdan soň çözgüt meselesinde möhüm ýüzlenmeler berdi.

Prezident Erdogan duşuşykdan soň beren beýanatynda “Siriýa meselesi hakynda giňişleýin pikir alyşdyk. Ýetilen sepgitde meseläniň syýasy taýdan çözülip bilinjekdigi dogrusynda ylalaşyk gazandyk” diýdi.

Rus lideri Wladimir Putin bolsa “Siriýada syýasy çözgüde berilýän goldawyň artdyrylmagy meselesinde Jenap Prezident bilen şol bir garaýşa eýediris” diýdi.

“Star” gazeti “Premýer ministr Ýyldyrym Eýranyň Wise-prezidenti Jihangiri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi” söz başyly habarynda Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň Eýranyň Wise-prezidenti İshak Jihangiri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini mälim edýär.

Premýer ministr Ýyldyrym telefon söhbetdeşliginde Yrak-Eýran serhedinde bolan iki goňşy ýurda ýaramaz täsirini ýetiren ýer titremesinde Eýranda ýogalanlar üçin gynanç bildirdi.

Premýer ministr Ýyldyrym ýer titremesinde ejir çekenler üçin kömek bermäge taýardyklaryny nygtady.

“Hürriýet” gazeti 2050-njy ýylda dünýäni gönükdirjek ýurtlar belli boldy. Türkiýe şol ýurtlardan biri” söz başyly habarynda Salgyt gözegçiligi we geňeşdarlyk hyzmatlary firmasy PWJ-niň 2050-njy ýyllarda dünýädäki iň güýçli ykdysadyýetler hakyndaky çaklamasyny çap edendigini aýan edýär.

Çaklama görä, Türkiýe şol sanawda satyn alma güýji taýdan 2050-njy ýylda ilkinji 10 ýurduň hatarynda ýer alar.

“Sabah” gazeti “Barclays Türkiýe üçin ösüş çaklamasyny artdyrdy” söz başyly habarynda merkezi Britaniýada ýerleşýän Ýewropa, Aziýa, Afrika we ABŞ bilen birlikde 60-a golaý ýurtda 300 ýyldan bäri bankçylyk pudagynda iş alyp barýan şol bir wagtda Britaniýanyň Premier Ligasynyň hemaýatkäri bolan dünýäniň iň uly finans  firmasy Barclaysyň 2017-2018-nji ýyllar üçin Türkiýäniň ösüş çaklamasyny artdyrandygyny ýazýar.

Firma türk ykdysadyýetiniň güýçli ýagdaýda ösýändigine ünsi çekdi we 2017-nji ýyl üçin ösüş çaklamasyny 5,2 göterimden 5,9 göterime, 2018-nji ýyl üçin bolsa 3,8 göterimden 4,1 göterime çykardy.

“Watan” gazeti “Atanyň mirasy” söz başyly habarynda Gazi Mustafa Kemal Atatürkiň 1918-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Bogazda basyp alyjy güýçlere degişli gämleri gören badyna “Gelişleri ýaly giderler” diýip Milli Azat edijilik söweşine ünsi çeken Kartal YY atly kiçi gaýygyň muzeýe öwrüljekdigini habar berýär.

 



Degişli Habarlar