Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

830241
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: “Erdogan Barzana: Seniň Kerkükde näme işiň bar?” söz başyly habarynda, Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň Kerkükiň özüne degişlidigini aýtmagyna nägilelik bildiren Erdoganyň: “Gyssagly hereket edenler jogabyny bererler. Turýar, näme edýär? Kerkük meniňki diýýär. Sen nämä görä Kerkük meniňki diýýärsiň? Kerkükde seniň taryhyň barmy? Näme işiň bar seniň Kerkükde? Aýralykçy terror guramasy PKK ýaly eden etmişleri köp bolan, eli ganly başga bir gurama ýer berenlere elbetde gözümizi ýummarys. Biz ol ýerde PKK-ny, DAIŞ-i, Siriýada PÝD-ni, ÝPG-ni hiç biriniň hereket etmegine pursat bermeris. Ozal diýişim ýaly, bir gije duýdansyz geleris we gerek bolany ederis” diýip belländigini habar berýär.

Ýeni Şafak gazedi: “Bäşisi bilen çözülenok” söz başyly habarynda, Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň BMG-nyň Owganystandaky, Palestinadaky, Kiprdaky we başgada ençeme meselä çögüt tapyp bilmeýändigini aýdandygyny mälim edýär. Gazet TRT World forumyň açylyşynda: “BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde 5 egindeş bar. Şol 5-siniň biri, ýeke özi hem çözgüde päsgelçilik berip bilýär, beýlekileriniň biri hem başga bir meseläniň arkasyny çalyp, ol hem päsgelçilik berip bilýär. Şeýlelik bilen meseleler çözülenok” diýendigii nygtaýar.

Watan gazedi: “Türkiýe dünýäni haýran galdyrdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ykdysadyýetiniň ýylyň ilkinji 2 çärýeginde 5 göterimden gowrak ösüş etmegi bilen Halkara guramalaryň çaklamalaryny ýaňadandan gözden geçirmeklerine sebäp döredendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Bütindünýä bankynyň Türkiýe boýunça müdüri Ýohannes Zuttyň: “Türkiýäniň şu ýylky ösüş çaklamasyny Halkara Pul gaznasynyňka görä ýagny 5,1 göterim hökmünde täzeläris. Sebäbi 2-nji çärýekdäki ösüşiň 3-nji çärýekde hem dowam etmegine garaşýarys” diýendigini beýan edýär.

Star gazedi: “Pomidor dekabr aýynda Russiýa ýolagçysy” söz başyly habarynda, Russiýanyň Energetika ministri Aleksandr Nowak Russiýanyň Türkiýeden pomidor satyn almagy meselesinde umuman alnanda ylalaşyk gazanylandygyny aýdandygyny habar berýär. Gazet Rus-türk hökümetara komissiýanyň egindeş baştutany bolan Nowakyň Russiýanyň Türkiýeden pomidor satyn almagy hakyndaky soraglara jogap berip: “Bu meselede umuman alnanda prinsip karary kabul edildi. Häzirki wagtda 1-nji dekabrdan başlap 4 firmadan 50 müň tonna pomidor alynmagy baradaky şertnamanyň üstünde işlenilýär”diýendigini belleýär. Habarda beýleki tarapdan 21-nji oktýabrda Tatarystanyň paýtagty Gazanda geçiriljek Rus-türk hökümetara komissiýanyň maslahatynda iki ýurduň arasynda oba hojalyk pudagynda edilýän gatnaşyklaryň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýandygy ýazylýar.

Hürriýet gazedi: “Jenk Tosun tupany” söz başyly habarynda, Çempionlar ligasynda Fransiýanyň wekili Monakony garşydaşynyň öýünde 2-1 hasabynda  ýeňen Beşiktaş komandasynyň futbolçysy Jenk Tosunyň hyrydarlarynyň artýandygyna ünsi çekýär. Gazet Premýer liganyň sanawynda bar bolan Jenk Tosuny Kristal Palas we Nýukasl Ýunaýted komandalarynyň almak isleýändigini nygtaýar.



Degişli Habarlar