Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 09.10.2017

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

822951
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 09.10.2017

“Star” gazeti “ Erdogan: “Idlibden soň nobat Afrinde”diýdi” söz başyly habarynda Prezident R. T. Erdoganyň İdlib operasiýasyndan soň Afrine ünsi çekendigini ýazýar.

 “Ortaýer deňzinde gurulmak islenýän terror koridoryny bozarys. Täze Kobanyň emele gelmegine rugsat bermeris” diýen Prezident Erdogan “Biz Türkiýäniň Siriýadan we Yrakdan abanýan terror howpy sebäpli ýitgi çekmegine rugsat bermeris. Terrorçylary ýerinde ýok etmek strategiýamyzy durmuşa geçirýäris” diýdi.

“Watan” gazeti “Terror guramalary gabaw astyna alynýar. Türkiýe Afrin serhedinde harby bazar açmak üçin herekete geçdi” söz başyly habarynda Gazagystanyň paýtagty Astanada Türkiýäniň, Eýranyň we Russiýanyň arasynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda çaknyşyksyz zolak hökmünde yglan edilen İdlibde üç million adamyň howpsyzlygyny üpjün etmek we Ýefrat galkany operasiýasy bilen Siriýanyň demirgazygynda terrorçylardan saplanan zolaklaryň giňeldilmegi üçin guralýan operasiýalaryň dowam edýändigini mälim edýär.

Operasiýalaryň çäginde türk harby topary İdlib şäherine girdi. Uçarmansyz howa ulaglary hem maglumat ýygnamak üçin şäheriň demirgazygynda uçdy. Afrin serhedinde ýerleşýän Şyh Berekat depesinde harby merkeziň gurulmagy maksat edinilýär.

“Haber Türk” gazeti “Türkiýe ABŞ-nyň raýatlaryna wiza  berliş işlerini bes etdi” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Türkiýedäki ähli wekilhanalarynda bosgunlardan daşary Türk raýatlarynyň wiza işleriniň bes edilendigini mälim etmeginden soň Türkiýäniň ABŞ-daky ilçihanasy bilen ABŞ-daky ähli türk wekilhanalarynda Amerikanyň raýatlary üçin ähli wiza berliş işleriniň bes edilendigi aýan edildi.

Iki ýurduň iki taraply ýagdaýda wiza berliş işlerini bes etmegi etaby ABŞ-nyň Stambul şäherindäki Baş konsullygynda işleýän bir adamyň 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda başdan geçirlen agdarlyşyk synanşygynyň jogapkäri Fetullahçy terror guramasy FETÖPÝD bilen arabaglanşygynyň bardygy sebäpli tussag edilmegi bilen başlapdy.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türk awtomobil pudagy eksportda rekorda tarap barýar” söz başyly habarynda ýerli awtomobiliň sentýabr aýyndaky eksportynyň geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 10.9 göterip artyp 2 milliard 152 million dollara barabar bolandygyny ýazýar.

Şeýlelikde ýerli awtomobil senagaty sentýabr aýynda jemi 21 milliard dollara barabar boldy. 2017-nji ýylyň 9 aýlyk döwründe 22 göterim ösüş eden türk awtomobil senagatynyň üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli 27 milliard dollarlyk girdeji gazanmagy maksat edinilýär.



Degişli Habarlar