Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

821421
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Bu gowgadan el çeker” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Eýrana guran saparyndan gaýdyşyn uçarda Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň 25-nji sentýabrda geçiren bikanun referendumy barada garaýyş beýan edip: “Şol bikanun referendumy geçirenler elbetde boljaklaryň jerimesini çekmeli bolar” diýen sözlerine ünsleri çekýär. Gazet Erdoganyň: “Näme edýändiklerini bilmenoklar. Barzani bu gowgadan el çeker” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “Täze usul” söz başyly habarynda, ekstremist terror guramasy PKK agza 7 terrorçynyň Mugla welaýatynda ele salynandygyny, 5 terrorçynyň öldürilendigini ýazýar. Habarda İçeri işler ministrliginden berilen beýannamada terror guramasy PKK-nyň Latakiýäniň üstünden Egeýe we Ortaýer deňizine geçmähe synanşýandygyna üns çekilendigi mälim edilýär. Gazet İçeri işler ministri Süleýman Soýlunyň: “Terror guramasy soňky çäre hökmünde Yragyň demirgazygyndan, Eýrandan we Afrinden soň başga ýol gözlemäge başlady” diýen sözlerini çap edýär.

“Star” gazeti “Arakan ölýär, dünýä nirede?” söz başyly habarynda, Maşgala we sosial syýasatlar ministri Fatma Betül Saýan Kaýanyň Arakan üçin zenan jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen duşuşyp, bütin dünýä çagyryş edendigini nygtaýar. Gazet ministri Kaýanyň: “Zuluma we basyşlara, bigünä zenanlaryň, çagalaryň çekýän ejirine syn edip, hiç kim medeniýetlidirin diýmesin. Dünýä zuluma kör, ker, lal bolsada Türkiýe ol ýerdäki ejir çekýänlere elini uzatmaga dowam eder” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Fleýto bilen durmuşy özgerdi” söz başyly habarynda, çaglar öýünde ulalan Merwe Başoglunyň mugallymynda gören fleýtosyny çalmaga başlandygyny we şondan soň durmuşynyň özgerendigini mälim edýär. Gazet Bilkent uniwersitetinbiň Fleýto bölüminde okaýan Merwäniň dünýäniň iň bir tanymal okuw jaýlaryndan biri bolan Fransiýanyň Nis şäherindäki konserwatoriýa kabul edilendigini ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Ýekeje ýol ýeňiş” söz başyly habarynda, 2018-nji ýylda geçirilen çempionat üçin şu gün agşam 21:45-de İslandiýa bilen bäsleşjek türk milli ýygyndysynyň ýeke-täk maksadynyň ýeňişdigini janköýerleriň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar