Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

820718
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Türk firmasynyň möhüm ylalaşygy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň belli e-söwda saýtlaryndan biri bolan “Hepsiburada.jom” saýtynyň satuw teklikleriniň kabul edilmegi boýunça “Goldman Sajhs Group” bilen ylalaşandygyny mälim edýär. Gazet “Blumberg İnternationaldan” berilen habarda “Hepsiburada.jom-yň” satuw tekliplerini “Goldman Sajh Group” firmasynyň üsti bilen aljakdygyny ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Bolliwudyň meşhur aktýory Aamir Khan türk film ýyldyzlary bilen duşuşar” söz başyly habarynda, Bolliwudyň meşhur aktýorlaryndan biri bolan režisýor we prodýuser Aamir Khanyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň çakylygyna laýyklykda Stambula gelendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda uzak ýyllardan bäri gözel ýurda gelmegi arzuw edendigini aýdan Khanyň “Soňunda Türkiýä geldim. Hakykatdan hem özümi bagtly duýýan” diýen sözlerine üns çekilýär. Gazet Khanyň türk halkyna özüne bolan gyzyklanmasy üçin sagbolsun aýdyp, türk film ýyldyzlary bilen duşuşmak isleýändigini nygtaýar.

“Sabah” gazeti “Daşary ýurtlarda ýaşaýan türkler marka ilçisi bolar” söz başyly habarynda, dünýäniň çar arapyndan iş alyp barýan türkleriň tekstil pudagynyň wekilleri üçin tapylgysyz pursada öwrülendigine ünsleri çekýär. Gazet Türkiýedäki öý tekstilçileriniň, eksporty we girdejini artdyrmak üçin daşary ýurtlarda iş alyp barýan türkler bilen hyzmatdaşlyk etjekdigini nygtaýar. Daşary ýurtlardaky türklere wekilçilik bermegi meýilleşdirýän firmalaryň şeýlelikde harytlaryny has giň köpçülige ýetirmegi nazarda tutýar.

“Star” gazeti “Uzyn köpri üçin Ginnesse ýüz tutuldy” söz başyly habarynda, Edirnedäki Engene derýasynyň üstünde ýerleşýän Uzyn köpriniň, dünýäde üstünden ulag geçýän iň uzyn daş köprüsi hökmünde bellige alynyp, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi üçin ýüz tutulandygyny halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Uzynköpri etrabynda Anadoly bilen Balkanlary birleşdirýän we dünýäniň iň uzyn daş köprüsi özboluşlygyna eýe bolan taryhy eser 1436-1443-nji ýyllaryň aralygynda Soltan Murat 2-nji tarapyndan gurdurylypdy.


Etiketkalar: #firma , #Watan , #köpri , #uzyn , #Anadoly , #Balkanlar

Degişli Habarlar