Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

814187
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Prezidenti Erdogandan berk duýduryş: “Ýary gije duýdansyz gelip bileris” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň bikanun referendum geçiren Yragyň Kürt Awtonomiýasyna “Ýary gije duýdansyz gelip bileris”, diýip duýduryş berendigini ýazýar. Gazet Erdoganyň: “Syýasy, ykdysady, söwda, howpsyzlyk taýdan ähli çäreleri görýäris, göreris. Silopide ýaragly güýçlerimiz ýöne ýere türgenleşik geçirenok. Häzirki wagtda serhetden diňe Yrak tarapyna geçiş bar. Şu hepde beýleki çäreleri hem beýan ederis. İndi geliş-gidiş hem ýapylar. Mundan beýläk Kürt Awtonomiýasy nebitini nirä satarka? Nurbat bizde, nurbady towlan halatymyzda bu iş gutarar” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Referendum çaknyşyga şert döretdi” söz başyly habarynda, Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň  Yragyň Kürt Awtonomiýasynda geçirilen referendumyň legal däldigini we netijesiniň ykrar edilmejekdigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda Ýyldyrymyň “Referendum bar bolan dartgynlygy hasam möwjeder. Çaknyşyga şert döretdi. Milli howpsyzlygymyza abanjak wehimlere garşy ähli hukuklarymyzdan peýdalanarys. Serhetdäki türgenleşige Yragyň goşuny hem gatnaşar” diýen sözlerine üns çekilýär.

“Star” gazeti “Türkofobiýa bäsleşigi saýlawda utdurdy” söz başyly habarynda, Germaniýadaky saýlawda Türkiýe garşydaşlygyndan başga alternatiwi bolmadyk sosial demokratlar bilen Hristian demokratlara agyr zarba urlandygyny, Germaniýa üçin alternatiw partiýasynyň dolanşyga garşy propogandasy bilen häkimiýet başyndaky partiýanyň tarapdarlaryndan ses alandygyny ýazýar. Gazet türkofobiýa we Erodgan garşydaşlygyna esaslanyp, saýlawçylaryna haýsydyr bir alternatiw hödürlemedik Şulz bilen Merkeliň esasy ýerlerde rasist Germaniýa üçin alternatiw partiýasyndan yzda galandygyny mälim edýär.

“Haber Türk” gazeti “Kapadokiýa ýerli şar” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň “ýerli önüm” talabyna dünýäniň we Türkiýäniň esasy syýahatçylyk merkezlerinden biri bolan Kapadokiýadan goldaw berilendigini mälim edýär. Gazet Kapadokiýada ýerli şar öndürilmäge başlanandygyny, şeýlelikde millionlarça ýewronyň ýurduň içinde galjakdygyny ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Daşary ýurtlylar Türkiýäni ýakyndan tanamaga dowam edýär” söz başyly habarynda, daşary ýurtly maýadarlaryň Türkiýä bolan gyzyklanmasynyň dowam edýändigini, onuň ýaşaýyş jaý aluwynda has anyk görülýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda awgust aýynda Türkiýe boýunça 120,198 ýaşaýyş jaýynyň satylandygy, onuň 4,7 göterim artyş diýmekligi aňladýandygy, daşary ýurtlylara edilen satuwlaryň bolsa 11,4 göterim ýokarlandygy mälim edilýär.



Degişli Habarlar