Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

811278
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Ballistiki raketa üçin işe girişilmeli” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Nýu-Ýorkda Blumberg Global İşewürler Maslahatynda Türkiýäniň Russiýadan almagy meýilleşdirýän S-400 raketa goranyş ulgamy barada aýdyp: “Duldegşir goňşym Siriýada S-400 barka men S-400-e, belkem S-500-e hat-da S-600-a eýe bolmak üçin jan etmäge mejbur. Bular özümizi goramak üçin edileli başlangyçlar” diýen sözelerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Gaubisalar taýar” söz başyly habarynda, Türk ýaragly güýçleriniň Habur gümrük geçelgesiniň golaýyndaky türgenleşiginiň düýn hem dowam edendigini ýazýar. Gazet esasy bölegi tanklardan ybarat bolan köp sanly harby ulagyň we esgeriň gatnaşmagyndaky türgenleşikde iş maşynlary bilen gazylan okoplaryň giňeldilendigini, çuňlaşdyrylan okoplara käbir sowutly ulaglaryň ornaşdyrylandygyny, esgerler üçin çadyrlaryň gurulandygyny habar berýär.

“Watan” gazeti “ABŞ-na eksport köprüsi” söz başyly habarynda, Türk söwda merkeziniň şahamçasynyň şu gün Nýu-Ýorkda açyljakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda şahamçanyň Amerikadaky söwda şertlerini öwrenmek isleýän firmalar üçin uly ýeňillik boljakdygy mälim edilýär.

“Star” gazeti “Konýada mistiki sazyň ýeli öser” söz başyly habarynda, Türkiýe bilen birlikde musulman ýurtlarynda tanymal mistiki sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek 14-nji Halkara Konýa mistiki aýdym-saz festiwalynyň üstümizdäki aýyň 22-30-y aralygynda geçiriljekdigini ýazýar. Möwlana Medeniýet Merkezinde geçiriljek festiwal 9 gün dowam eder.

“Haber Türk” gazeti “Wodofone parkda “Super” final” söz başyly habarynda, UEFA-dan hem Türkiýäni hem-de Beşiktaşy buýsandyrjak habaryň gelip gowşandygyny, UEFA-nyň dolandyryjylar geňeşiniň düýn Nýonda geçiren maslahatynda UEFA-nyň 2019-njy ýyldaky Super kubok bäsleşiginiň Beşiktaşyň “Wodofone park” stadionynda oýnalmagyna karar berilendigini okjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar