Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

806806
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “S-400 ylalaşygy gazaplandyrdy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Häkimleriň maslahatynda sözlän sözünde Russiýa bilen gol çekişilen S-400 ylalaşygy barada durup geçendigini ýazýar. Gazet Erdoganyň: “Möhüm başlangyçlary edýäris. S-400 ylalaşygyna gol goýanymyz üçin gazaba mündüler. Näme bolmalydy? Size garaşmalymydyk? Biz hem öz başymyzy çararys. Howpsyzlyk taýdan ähli çäreleri görýäris we göreris” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk: “ABŞ ÝPG bikanun ýarag berýär” söz başyly habarynda, “Foreign Policy” žurnalynda çap edilen habara görä ABŞ Siriýada DAİŞ-e garşy ekstremist terror guramasynyň şol ýerdäki bölümi ÝPG-ä we şuňa meňzeş guramalara 700 million dollarlyk ýarag ugratdy. Şol mukdaryň 5 ýylda 2,2 milliard dollara ýetmegine garaşylýandygy, ozalky Sowet ýaraglarynyň gündogar blogundaky jenaýatçylykly guramalar bilen gatnaşykda bolan firmalardan alyp, inwentaryna degişli eden Pentagonyň kömegi halkara gözegçiliginde gizläp, delilleri ýok edendigi öňe sürülýär.

“Star” gazeti “Ýerli imitator sýurprizi” söz başyly habarynda, Türk Howaýollarynyň gurluşygy tamamlanan täze Uçuş tälim merkeziniň ulanmaga berilendigini, açylyş dabarasynda HAWELSAN bilen bilelikde öndürilen Türkiýäniň ilkinji raýat uçuş imitatorynyň synagdan geçirilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Türk Howaýollarynyň Dolandyryjylar geňeşiniň başlygy İlker Awjynyň imitatoryň prototipdigini we doly önümçilige başlanjakdygyny aýdandygyny mälim edýar.

“Sabah” gazeti “Gerkulesiň sarkofagy Türkiýä getirildi” söz başyly habarynda, Antalýanyň Aksu etrabynda ýerleşýän gadymy Perge şäherinde bikanun gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan we 50 ýyl ozal daşary ýurda alynyp gidilen Gerkulesiň sarkofagynyň Şweýsariýanyň gümrük geçelgesinde saklanyp, Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň wekilleri tarapyndan Ženewada kabul edilip alynandygyny we Antalýanyň muzeýinde sergilenjekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Bürgüt dessany” söz başyly habarynda, Beşiktaşyň UEFA-nyň Çempionlar ligasynda uly üstünlik bilen başlandygyny, birinji bäsleşiginde Portugaliýanyň Porto komandasyny 3-1 hasabynda utan Beşiktaşyň Stambula 3 bal bilen dolanyp gelendigini janköýerleriň dykkgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar