Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

803438
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Erdogan İmomali Rahmon bilen söhbetdeş boldy” söz başyly habarynda, Preizdent R.T.Erdoganyň Täjigistanyň Prezidenti İmomali Rahmon bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini ýazýar. Gazet telefon söhbetdeşliginde Türkiýe bilen Täjigistanyň arasyndaky özara gatnaşyklar hem-de Mýanmada başdan geçirilýän pajyga barada durlyp geçilendigtini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Emine Erdogan Türkiýeden ugradylan kömekleri arakanly musulmanlara paýlady” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň aýaly Emine Erdoganyň we bileligindäki wekiliýetiň arakanly bosgunlaryň Bangladeşde bolýan düşelgesine baryp, ynsanperwer kömegini paýlandyğyny mälim edýär. gazet Emine Erdoganyň: “Elbetde agyr täsir galdyrýar. Alla kömek etsin. Enşalla bütin dünýä mesele bilen gyzyklanar. Hem kömek hem-de çözgüt tapmak üçin. Çözülmeli möhüm mesele. Şu döwürde şeýle wagşylyk nähili elhenç we ol dünýäniň gözüniň öňünde bolup geçýär” diýen sözlerini çap edýär.

“Star” gazeti “Berlini gazaba mündiren afişalar” söz başyly habarynda, Germaniýada migrantlar tarapyndan döredilen Nemes demokratlar bileleşiginiň 24-nji sentýabrda geçiriljek saýlawlar üçin Preizdent R.T.Erdoganyň sözleri ýazylan afişalary taýarlandygyny, türkleriň köpçülikleýin ýaşaýan şäherlerinden biri bolan Duisburgyň köçelerine asylan saýlaw afişalarynda Erdoganyň fotosuraty bilen birlikde; “Türkiýä dost bolanlar bilen bile boluň, şolara ses beriň, şolary güýçlendireliň” diýen sözleriniň ýerleşdirilendigini ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Türkiýe möhüm hyzmatdaşymyz” söz başyly habarynda, Fransiýanyň Prezidenti Emanuel Makronyň Türkiýe bilen ÝB-niň arasynda dartgynlygyň ýüze çykmagyny islemeýäňdigini nygtap; “Türkiýe duçar bolunan köp sanly çykgynsyzlykda, esaanda bosgunlar meselesinde we terror howpynda möhüm hyzmatdaş” diýen sözlerine ünsleri çekýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Fabrigini sökdi, Türkiýä göçürýär” söz başyly habarynda, İtaliýanyň Milan şäherinde 2014-nji ýylda Salwi Kaji ady bilen satyn alynan we soňky 2 ýyldan bäri Borsan Kawi ady bilen kabel öndürýän fabriklerini Samsuna göçürjekdiklerini aýdan Adnan Ölmeziň, bu kararyň Türkiýe we Samsun üçin iňňän uly ähmiýete eýedigini, onuň özleri üçin hem strategik maýa goýumdygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar