Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

795859
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazedi: “ABŞ-a FETÖ we PÝD duýduryşy” söz başyly habarynda, Prezident R.T. Erdoganyň Prezident kompleksinde kabul eden ABŞ-nyň Goranmak ministri Jeýms Mattise şu aşakdaky ýüzlenmeleri berendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. “Siriýada aýralykçy terror guramasy PKK-nyň şahasy PÝD bilen edilýän hyzmatdaşlykdan ynjalyksyz bolunýandygy, 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanyşygynyň baş jogapkäri Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamynyň lideri Fetullah Güleniň yzyna Türkiýä gaýtarylyp berilmezligi Türkiýede ABŞ bolan nägileligi artdyrýar. Yragyň Kürt Awtonomiýasynda geçiriljek referendumyň we Siriýada PÝD-niň gözegçiligi astyndaky ýerlerde ýerli saýlawlaryň kabul edilmejekdigi ýetirildi”. Gazet Erdoganyň şeýle hem Siriýada DAIŞ-den saplanan ýerlerde ýerleriň ýerli halka berilmelidigini aýdandygyny belleýär.

Watan gazedi: “Türkiýe we Wýetnam galkynan dinamiki iki ýurt” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Premýer ministri Binali Ýyldyrymyň resmi sapar bilen giden Wýetnam döwletinde ýurdyň Premýer ministri Nguýen Ksuan Phuk bilen duşuşyk geçirendigini malim edýär. Habarda iki ýurdyň öňümizdäki ýyl gatnaşyklarynyň 40 ýyllygyny belläp geçjekdigini ýatladan Ýyldyrymyň 39 ýylda Premýer ministr we Prezident derejesinde guralan saparlarda kemçilikler bolandygyny we sapar bilen bu kemçiligi ortadan aýyrandyklaryny aýdandygy bellenýär. Gazet Türkiýeden Wýetnama sapar guran ilkinji Premýer ministr bolandygyna hoşaldygyny aýdan Binali Ýyldyrymyň: “Wýetnam Uzak Gündogar ýurtlarynyň arasynda soňky ýyllarda örän uly ösüşler edýär. Türkiýe hem Wýetnam ýaly galkynan dinamiki bir ýurt. Şol sebäpli iki ýurdyň arasynda meňezşlikler köp. Ilaty biri-birine deň, ösüş derejeleri ýokary. 2020-nji ýyla çenli ikitaraplaýyn söwda kuwwatlarymyzy 4 milliard dollara aňsatlyk bilen ýetirip bileris, şonuň bilen bagly mümkinçiliklerimiz hem bar” diýendigi beyan edilýär.

Star gazedi: “Ýadro medesinasynda ýerli döwür” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýragyň Türkiýede ýadronyň diňe energetika ugrunda däl eýsem, saglygy goraýyş, telekomunikasiýa, emeli hemra we aragatnaşyk ýaly dürli-dürli ugurlarda ulanylyp bilinjekdigini aýdandygyny nygtaýar. Habarda Albaýragyň desganyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda energetika we saglygy goraýyş ugurlarynda hyzmatdaşlyk ediljekdigini, bu herekediň bolsa wajyp bir ädimdigini aýdandygy ýazylýar.

Ýeni Şafak gazedi: “Milli astronawt merkezi” söz başyly habarynda, dünýäniň ilkinji 5 kosmos we awiasia merkezinden biri boljak Gökmen kosmos awiasia we bilim merkeziniň düýbüniň Bursada tutulandygyny habar berýär. Gazet Wise-premýer Fikri Yşygyň hem gatnaşmagynda açylan merkeziň milli astronawtlar ilkinji ädim merkezleriniň biri boljakdygyna ünsi çekýär. Habarda 13 müň inedördül kilometrlik meýdana eýe boljak merkezde grawitasion meýdanyň, dik ýel tuneliniň we 154 sany interaktiw bilim otaglarynyň boljakdygy beýan edilýär. Merkeziň kosmos gatynda galaktikalar bilen baglanşykly maglumatlar bolar. Taslama Türkiýäniň kosmos temaly ilkinji bilim merkezin aýratynlygyna eýe bolar.

Hürriýet gazedi: “Ýasemin Adar çempion” söz başyly habarynda, türk türgeni Ýasemin Adar dünýä çempiony bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Bütindünýä göreş çempionadynda zenanlaryň arasynda 75 kilogram agyrlykda bäsleşýän türk türgeni Ýasemin Adar dünýä çempiony bolandygyny belleýär. Habarda Adaryň Fransiýanyň paýtagty Parižde geçirilýän çempionatda Belarusly Wasilisa Marzaliuk bilen bäsleşendigi ýazylýar. Gazet Ýasemin Adaryň bäsdeşini 5-4 hasabynda ýeňip Türkiýäniň zenanlardaky ilkinji dünýä çempiony bolandygyna ünsi çekýär. Gazet baýrak gowşurylyş dabarasynda Ýasemin Adara altyn medalyň gowşurylmagyndan soň münbere elinde al-ýaşyl güller we ýüzük bilen çykan Erdem Ýigidiň, Ýasemin Adara durmuş gurmagy teklip edendigini, teklibi kabul eden milli göreşçi ýüzügi barmagyna dakandygyny malim edýär. Habarda Prezident R. T. Erdoganyň telegramma arkaly Ýasemin Adary gazanan üstünligi bilen gutlandygy, Ýaşlar we sport ministri Osman Aşkyn Bakyň hem milli göreşçi Ýasemin Adara telefon edip üstünligi bilen gutlandygy bellenýär.



Degişli Habarlar