Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

794480
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Watan gazedi: “Eýran bilen umumy operasiýa” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň terror guramalaryna garşy Eýran bilen bilelikde operasiýa geçirmegiň hemişe gün tertibindedigini aýdandygyny habar berýär. Gazet Erdoganyň Iordaniýa sapar guramazyndan ozal Atatürk howa menzilinde metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berendigini mälim edýär. Habarda Eýranyň Baş ştabynyň başlygy Muhammed Bakyriniň Türkiýä guran saparynda aýralykçy terror guramasy PKK-a garşy umumy operasiýa geçirmegiň üstünde durulyp geçilendigini aýdandygy bellenýär. Gazet 9 ýyl arakesmeden soň Iordaniýa giden we Şa II Abdullah bilen Al-Hüseýniýe köşgünde ikiçäk duşuşyk geçiren Türkiýäniň Prezidentiniň Türkiýäniň we Iordaniýanyň sebitleýin krizislerden täsir alan iki ýurtdygyny aýdandygyny beýan edýär.

Hürriýet gazedi: “Iň durnuklu ýurt Türkiýe bolar” söz başyly habarynda, Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň mundan soňky ýyllarda Türkiýäniň iň durnukly ýurt boljakdygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň Singapur-Türkiýe işewürler forumynda işewür adamlar we maýadarlar üçin ynamyň we öňden görüjiliginiň wajypdygyna ünsleri çekendigini belleýär. Habarda Singapur saparynda ISEAS Ýusuf Ishak instituty tarapyndan 41-nji gezek geçirilen “Singapore Lecture” konferensiýasynda çykyş eden Ýyldyrymyň: “Türkiýäniň esasy daşary syýasat ýörelgeleri şu günki günde hem gün tertibini goraýar. Gümrük Bileleşigi ylalaşygyny täzeläp söwda kuwwadyny 2 esse artdyrmagy maksat edinýäris we onuň hötdesinden gelip biljekdigimize ynanýarys” diýendigi ýazylýar.

Ýeni Şafak gazedi: “Daşary işler ministrliginden Bagdat we Erbilen bilen baglanşykly beýanat” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewült Çawuşoglynyň ertir Yraga sapar gurajakdygyny, saparynyň çäginde Bagdatda we Erbilde duşuşyklar geçirjekdigini habar berýär. Gazet Çawuşoglynyň Yragyň Prezidenti Fuad Masum, Premýer ministr Haýdar Abadi, Wekiller Mejlisiniň başlygy Selim Juburi, Daşary işler ministri İbrahim Jaferi we Yrakly türkmen syýasatçylar bilen duşuşmagyna garaşylýandygyny nygtaýar. Habarda Bagdatdaky gepleşiklerinden soň Erbil şäherine geçjek Mewlüt Çawuşoglynyň Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň başlygy Mesut Barzani bilen duşuşmagy göz öňünde tutulýandygy beýan edilýär.

Haber Türk gazedi: “Luwrdaky Keýik awy üçin yzyna gaýdyp bermek bilen bagly talap” söz başyly habarynda, Malatýa welaýatynyň Medeniýet we syýahatçylyk müdürliginiň Fransiýanyň paýtagty Pariždäki Luwr muzeýinde sergilenýän we Malatýanyň 7 km demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Arslantepe diýilen ýerde 1891-nji ýylda tapylan Keýik awy eseriniň yzyna gaýtarylyp berilmegi baglanşykly delonyň işlenip taýarlanýandygyny mälim edýär.

Star gazedi: “Metehan dünýä çempiony boldy” söz başyly habarynda, Fransiýanyň paýtagty Parižde geçirilýän Bütindünýä Göreş çempionatynyň Greko-rim görnüşiniň 85 kg agyrlygynda çykyş eden türk türgen Metehan Başaryň nemes garşydaşy Denis Kudladan 2-1 hasabynda üsütün çykyp dünýä çempiony bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar