Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

793605
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti Prezident R. T. Erdoganyň Adalat we ösüş partiýasynyň Stambuldaky  agzalarynyň gatnaşmagynda geçirlen maslahata gatnaşandygyny habar berýär.

Prezident Erdogan maslahatda sözlän sözünde Siriýanyň demirgazygynda oýnalýan oýunlara ünsi çekdi.

Prezident Erdogan Türkiýäniň serhedindäki terrorçylara garşy göreşýändigini nygtady.

Daşary güýçleriň Siriýanyň demirgazygynda terror döwletini gurmaga çalyşýandygyny aýdan Erdogan “şol güýçleriň hyýanatçylykly meýilnamalaryna berk garşylyk görkezdi we ýagty geljegimiz üçin tutanýerli tutup alyp bararys” diýdi.

“Sabah” gazeti “Türk awtomobil senagatynyň eksporty 150 milliard dollara barabar boldy” söz başyly habarynda awtomobil pudagynyň şu günki güne çenli jemi 12 million 274 müň ulag eksport edendigini ýazýar.

5 materikde 193 ýurda edilen eksportdan 150 milliard dollarlyk girdeji gazanyldy.

50 ýyllyk geçmişi bolan Türkiýäniň awtomobil senagaty 1980-njy ýyllarda öndürýän ulaglaryny eksport etmäge başlady. Şu günki günde Türkiýäniň eksportynyň özenini emele getirýän pudak 5 materikde 193 ýurda ulaglaryny eksport edýär.

“Star” gazeti “Nemes raýatlary syýasatçylaryny diňlemeýär” söz başyly habarynda Germaniýanyň soňky döwürde Türkiýä garşy alyp barýan barýan töhmet syýasatyna halkara jemgyýetçiliginiň we öz raýatlarynyň gulak asmaýandygyny aýan edýär.

Germanianyň resmi DPA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Germaniýanyň Daşary işler ministri sigmar Gabrieliň raýatlaryna 4 hepde ozal “Türkiýä gitmän” diýip çagyryş berendigine garamazdan nemes raýatlary dynç almak üçin Türkiýä gelmäge dowam edýär.

Tui, Öger, Der Touristik, Alltours ýaly Germaniýanyň tanymal gezelenç operatorlarynyň ýolbaşçylary şu ýyl Türkiýe giden we gitmek isleýän nemes syýahatçylarynyň sanynyň has ýokarlandygyna ünsi çekdi.

Beýleki tarapdan geçen hepde çap edilen habarnamada nemesleriň ýerleşýän ýurtlarynyň sanawynda Türkiýe, Şweýsariýadan, ABŞ-dan, Awstriýadan we Britaniýadan soň 5-nji orny eýeledi.

“Ýeni Şafak” gazeti Diýarbarkyr welaýatynyň Çynar etrabyndan 13 kilometr alysda ýereşýän Demirölçek etrapçasynda Rim döwründe harby merkez hökmünde ulanylan Zerzewan galasynda gazuw agtaryş işleriniň güýçli depginde dowam edýändigini habar berýär.

3 ýyldan bäri Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň, Diýarbakyr muzeýiniň, şäher hakimliginiň goldaw bermeginde geçirilýän Gazuw agtaryş işlerinde Rim döwründe Mitras dinine degişli ýerasty ybadathana, ýapylan gizlin geçelge we 400 adamlyk ýerasty gaçybatalga bilen birlikde üstümizdäki ýyl ýene-de 4 ýer tapyldy.

60 gekdarlyk meýdandaky 12-15 metr belentligine we 1200 metr uzynlygynda bolan galanyň diwarlarynyň galyndysy, 21 metr belentliginde goranyş minarasy, buthana, galla we ýarag ammarlary, ýerasty ybadathana, gaýa mazarlary, suw kanallary we gowaklar galanyň taryhyny gürrüň berýär.



Degişli Habarlar