Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

790116
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “21 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” söz başyly habarynda, Türk ýaragly güýçleri tarapyndan 12-nji awgustda Yragyň demirgazygyndaky Kandil dagy etrabyna guralan harby howa operasiýasynda 13 sanysy öli, jemi 21 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini mälim edýär. Gazet Türk ýaragly güýçlerinden berilen beýannamada “Geçirilen operasiýa barada sebitdäki çeşmelerden alynan maglumatlara görä operasiýanyň netijesinde 13 terrorçynyň öldürilendigi, 8 terrorçynyň agyr ýaralanandygy öwrenildi. Jemi 21 terrorçy tasirisiz ýagdaýa getirildi” diýilýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “Ankara ýokary derejeli sapar” söz başyly babarynda, Siriýadaky we sebitdäki wakalaryň diplomatik tagallalaryň depginini güýçlendirendigini, şol çäkde şu hepde Ankara ýokary derejeli resmileriň geljekdigini mälim edýär. Habarda Eýranyň Baş ştabynyň başlygy general Muhammed Bakiriniň türk kardeşi Hulusi Akaryň çakylygyna laýylykda ýokary derejeli harby we syýasy wekiliýetiň ýolbaşçysy hökmünde Türkiýä geljekdigi nygtalýar. Gazet Eýranyň Baş ştabynyň başlygy general Muhammed Bakiriniň Milli goranmak ministri Nurettin Janikli tarapyndan hem kabul ediljekdigini ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “İblibdiň hemaýatkäri Türkiýe” söz başyly habarynda, Siriýanyň wagtlaýyn hökümetiniň Premýer ministri Jawat Hatabyň “İdlibiň halky Russiýa, ABŞ we beýleki daşarky güýçleriň hüjümlerine güýji ýetdiginden garşylyk görkezer, türk esgeri biziň ynam we howpsyzlyk çeşmämiz. Sebite gelen halatynda halkymyz ikirjiňlenmän olary bagryna basar” diýen sözlerine üns çekilýär.

“Star” gazeti “Rus we Azerbaýjanly energetika firmalary Türkiýe bilen ýakyndan gyzyklanýar” söz başyly habarynda, Russiýanyň “Lukoil” kompaniýasy bilen Azerbaýjanyň “Sokar” kompaniýasynyň hem Türkiýedäki maýa goýumlarynyň gerimini giňeltmek hem-de bilelikde işleşmek üçin gepleşiklere başlandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet türk ýangyç bazarynda täze hyzmatdaşlygyň gözleğine çykan iki kompaniýanyň bilelikde üçünji taraplardan aktiwlerini satyn almagy meýilleşdirýändigini ýazýar. Habarda “Lukoiliň” Kämilleşdiriş we satuw işlerinden jogapkär orunbasary Wadim Woroboýyň Türkiýäniň nebit önümleri bazarynyň özleri üçin strategik ähmiýete eýedigini we firmanyň bazar paýyny artdyrmak üçin täze alternatiwleriň üstünde işleýändiklerini nygtap; “Türkiýä 1 milliard dollara barabar maýa göýdük. Türk ýangyç bazary biziň üçin özüne çekiji bolmagynda galýar” diýen sözlerine üns çekilýär.

“Sabah” gazeti “Terrordan saplanan ýerler syýahatçylyk jennetine öwrülýär” söz başyly habarynda, howpsyzlyk güýçleriniň başarjaň operasiýalary we halkyň goldawy bilen Gündogar we günorga-gündogar Anadoly sebitiniň terrordan saplýandygyny, sosial taslamalar arkaly maýa goýulýan etraplaryň asudalyga eýe bolandygy, syýahatçylar üçin hem täze pursatlaryň dörändigi, Wan welaýatynyň Erjiş etrabynda Wan kölüniň kenarynyň plýaža öwrülendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar