Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

789336
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Akşam gazedi: “9-dan gowrak ýurt Türkiýäniň gapysyny kakdy” söz başyly habarynda, geçen ýylyň awgust aýynda gurulan Türkiýäniň Milli gaznasynyň gurulanyna 1 ýyl dolmadan dünýäniň üns merkezindedigini habar berýär. Gazet 9-dan gowrak ýurdyň maliýe, energetika, transport-logistika, telekomunikasiýa-tehnologiýa, oba-hojalyk we azyk pudaklarynda iş alyp barýan 14 kärhananyň jemi gymmady 40 milliard dollara ýeten we dünýäniň iň uly 20 gaznasynyň biri bolan Türkiýäniň Milli gaznasynyň gapysyny kakmaga başlandygyny beýan edýär.

Star gazedi: “Türkiýe iýul aýynda eksportda rekord goýdy” söz başyly habarynda, Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekjiniň Türkiýäniň eksportda şu ýylyň iýul aýynda rekord goýandygyny belläp, 2017-nji ýylyň 1-nji çärýeginde dünýäniň iň ösen 20 ýurdyň arasynda ilkinji üçlüge girendigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda Nihat Zeýbekjiniň: “Maksat dünýäniň iň ösen 10 ýurdyň biri bolmak, Ýewropanyň iň ösen 3 ýurdyň biri bolmak. Nesip bolsa bolarys” diýendigi ýazylýar.

Watan gazedi: “Milli emeli hemrada arzuwlar hasyl bolýar” söz başyly habarynda, Milli emeli hemra 6A bilen baglanşykly işleriň çaltlandyrylandygyny mälim edýär. Gazet 33 türk inženeriň we 354 işgäriň gatnaşmagynda gurulýan emeli hemranyň çykdajysynyň 600 million lira boljakdygyny nygtaýar. Habarda maksat emeli hemrany 2019-njy ýylda uçurmakdygy beýan edilýär. Tamamlanan mahaly 4 tonna agyrylygynda boljak emeli hemra Türksat tarapyndan Aziýada, Ýewropada, Demirgazyk we Orta Afrikada internet, radio-telewideniýe ýaýlymlaryny berer, GSM we howpsyz aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürlär.

Ýeni Şafak gazedi: “Türkiýäniň ýeli ösýär” söz başyly habarynda, Türkiýede ýel energiýasy pudagyndaky maýa goýumlaryň artýandygyny habar berýär. Gazet pudagyň berýän hasabatyna görä Türkiýäniň 10 müň MWt deňiziň üstünde, 38 müň MWt gury ýerde elektrik tok öndürmek mümkinçiligine eýedigini belleýär.

Watan gazedi: “Standart & Poors: Türk Telekom konkurent gurluşy bilen işlerini artdyrar” söz başyly habarynda, Halkara derejelendiriş guramasy Standart & Poorsyň Türk Telekomyň kredit balyny maýa goýulyp biliner derejesi bolan ‘BBB-‘ hökmünde kesgitländigini habar berýär.



Degişli Habarlar