Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

768441
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Türkiýäni energiýa bazasyna öwüreris” söz başyly habarynda, Stambulda geçirilen Bütindünýä Nebit maslahatynda çykyş eden Prezident R.T.Erdoganyň “Türkiýäniň ýokary girdejili tehnologiýa öndürýän energiýa bazasyna öwüreris” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Prezident Erdoganyň Türkiýäniň gün tertibindäki täze taslamalaryň hatarynda Günorta gaz koridorynyň ileri tutulýandygyny, beýleki bir taslamanyň bolsa dünýäniň esasy üpjün edijilerinden biri bolan Russiýa bilen bilelikde gurulýan Türk Akymydygyny aýdandygyny ýazýar.

“Watan” gazeti “Ortaýer we Gara deňizdäki burawlaýyş işleri Ýewropa üçin möhüm” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýragyň Türkiýäniň soňky 15 ýylda energetika pudagynda düýpli başlangyçlary durmuşa geçirendigini nygtap; “Tebigy gaz geçirijilerimizin gündelik göteriş ukybyny 190 million m3-dan 300 million m3-a, 2 ýylyň dowamynda-da 400 million m3-a ýetireris. 2023-nji ýylda 11 milliard m3 tebigy gaz saklaýyş mümkinçiligine eýe bolup, sebitiň iň ýokary şertlerine eýe ýurtlardan biri bolaryş” diýen sözlerini çap edýär.

“Haber Türk” gazeti “Türkiýe bilen gatnaşyklarymyz ösýär” söz başyly habarynda, 22-nji Bütindünýä Nebit maslahatyna gatnaşmak we resmi duşuşyklar geçirmek üçin ýekşenbe güni agşam Stambula gelen ABŞ-nyň döwlet Sekretary Reks Tillersonyň resmi Waşingtonyň Ankara bilen dartgynlygy gowşatma niýetinin bardygyny aýdandygyna ünsleri çekýär. Habarda ABŞ-nyň konsullygynyň işgärleriniň öňünde çykyş eden Tillersonyň; “Ýitiren ynamymyzy gaýtadan dikeltmek isleýäris” diýendigi we Türkiýe gatnaşyklaryň howpsyzlykdan geljekki ykdysady mümkinçiliklere çenli adatdan daşary derejede möhümdigini beýan edendigi okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýe DAİŞ-e göz açdyrmaýar” söz başyly habarynda, İçeri işler ministrliginiň Türkiýäniň DAİŞ-e garşy göreşi barasynda türk we iňlis dillerinde kitap neşir edendigini ýazýar. Gazet guramanyň esasanda sebitiň halkyna we yslam dinine uly zeper ýetirýändigi barada nygtalýan kitapda, DAİŞ-iň terror guramasy hökmünde ykrar edilmegi, Türkiýede guran hüjümleri, guramanyň tussag edilen agzalary we “Ýefrat galkany” operasiýasy barada giňişleýin maglumat berilýändigini nygtaýar.

“Star” gazeti “Milli Bilim Ministrliginiň PİSA ýerli bäsdeşi” söz başyly habarynda, Milli Bilim Ministrligi tarapyndan Türkiýede okuwçylaryň kämilliginiň kesgitlenmegi we mekdeplere görä başarjaňlyklaryny seljerjek Halkara okuwçy seljeriş maksatnamasy (PİSA) bilen Halkara takyk ylymlar we Matematika meýillerin kesgitlenmegine bäsdeş boljak “Bilimde okuwçylaryň kämilligini öwreniş ulgamyny” iş ýüzüne geçirjekdigini halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar