Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

739178
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Star gazedi: “Prezident Erdogan ýerli ulag üçin TOBB-dan söz aldy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň Ankarada Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiği TOBB-yň 73-nji Umumy geňeşinde işewür adamlara ýüzlenip çykyş edendigini malim edýär. Gazet çykyşynda ýerli ulag öndürmegi teklip eden Erdoganyň: “Geliň 100 göterim ýerli bolan ulag öndüreliň. TOBB 100 göterim ýerli ulagy Made in Turkey diýip öndürsin. Biz bu babatda ýanyňyzdadyrys” diýendigini belleýär. Habarda gurnamanyň bu millete gelişmeýändigini nygtan Prezident Erdoganyň: “Indi bu millet ýerli ulagy öndürip biljek akylada, harydada eýe” diýendigi, TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglynyň bolsa söz alyp: “Biz muny ederis. Siz ýanymyzda bolsaňyz bolýar” diýendigi beýan edilýär.

Ýeni Şafak gazedi: “Siriýa täze gümrük geçelgesi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Ýaragly güýçleri we Azat Siriýa goşuny tarapyndan geçirilen Ýewfrat galkany operasiýasy bilen terror guramasy DAIŞ-den sapalanan Halapyň Çobanbeý etrabynda täze bir gümrük geçelgesiniň guruljakdygyny habar berýär. Gazet täze açyljak gümrük geçelgesiniň sebitiň iň işjeň ulanyljak gümrük geçelgesi bolmagyna garaşylýandygyny nygtaýar.

Sabah gazedi: “Daşary ýurtlylara ýaşaýyş jaý satuwy artmaga başlady” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ykdysadyýetiniň lokomotiwligini öz üstüne alan ýaşaýyş jaý pudagynda meşhur gurluşyk kärhanalarynyň arzanladyşlary, pes prosent stawkalar we salgyt babatynda döredilen ýeňillikleriň täsiri bilen satuwlaryň artmaga dowam edýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Türkiýäniň Hasabat guramasy tarapyndan düýn berilen beýanata görä aprel aýynda ýaşaýyş jaý satuwy geçen ýylyň aprel aýyna garanyňda 7,6 göterim artyp, 114 müň 446-a ýetendigini beýan edýär. Habarda daşary ýurtlylara satylan ýaşaýyş jaýlarynyň bolsa aprel aýynda 2,7 göterim artyp, 1624-e ýetendigi ýazylýar.

Watan gazedi: “Durnukly ösüş sylagy Erdemire” söz başyly habarynda, Türkiýäniň demir polat öndüriji kärhanasy Erdemiriň Ýewropa Gurluşyk we galkynyş banky tarapyndan şu ýyl 7-nji gezek geçirilýän “Durnukly ösüş sylaglarynyň” “Durnukly energetika” kategoriýasynda uly baýraga eýe bolandygyny mälim edýär.

Haber Türk gazedi: “Ýöräp bilenokdy, uçdy” söz başyly habarynda, Britaniýadan syýahat üçin Fethiýe etrabyna gelen, dogulanyndan bäri ýöräp bilmeýän 19 ýaşly Rouz Spenseriň paraplan uçarmany Mustafa Kemal Öztürkiň ýoldaşlyk etmeginde Babadagda paraplan uçuşyny ýerine ýetirendigini beýan edýär. Gazet dogulanyndan bäri hiç ýöremedik Spenseriň paraplanda uçandygyny belleýär.



Degişli Habarlar