Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

714490
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber türk gazedi: “Erdoganyň ýeňişi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezident ulgamyny 51,4 göterim bilen kabul edendigini mälim edýär. Gazet şeýlelik bilen Prezident Erdoganyň 2014-nji ýylda geçirilen Prezident saýlawlaryndaky sesleriniň ýaňadandan tassyklanandygyny belleýär. Habarda Erdoganyň: “Resmi bolmadyk netijelere görä 25 millionlyk kabul sesiň konstitutsiýa üýtgeşiklik giriziljekdigini görkezýär. Ýyrdumyz we milletimiz üçin düşümli bolmagyny dileýärin. Dolanşyk ulgamy babatynda taryhy bir karardyr” diýendigi ýazylýar.

Star gazedi: “Ýitgi çeken ýok, üstün çykan Türkiýedir” söz başyly habarynda, Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň resmi bolmadyk netijeleri mälim edilmeginden soň, Ak partiýanyň Baş merkezine baryp çykyş edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda Premýer ministriň ýokary gatnaşyk bilen saýlawa gatnaşanlaryň demokratiýa eýe çykandygyny belläp: “Ýitgi çeken ýok, üstün çykan Türkiýedir. Demokratiýa taryhymyzda täze sahypa açyldy. Mundan beýläk bilelikde Türkiýe bolmagyň zamanasydyr” diýendigi beýan edilýär.

Sabah gazedi: “Ýurtda kabul şatlygy” söz başyly habarynda, referendumyň umumy netijelerinden kabul sesi çykmagyndan soň adamlaryň köçelere çykandygyny habar berýär. Gazet adamlaryň Stambulda başda Tarabýa, Kysykly we Ak partiýanyň welaýat merkeziniň öňi bolmak bilen Taksimde, Ankarada Ak partiýanyň Baş merkezine we Kyzylaýa, Izmirde bolsa Kordona çykandyklaryny beýan edýär. Gazet ýurdyň ähli ýerlerinde adamlaryň türk baýdaklary we kabul ýazgyly baýdaklar bilen meýdançalary doldurandyklaryna ünsi çekýär.

Ýeni Şafak gazedi: “Daşary ýurtlarda ýaşaýan türkler Ýewropa ders berdi” söz başyly habarynda, daşary ýurtlarda ses beren 1 million 326 müň saýlawçynyň 59 göteriminiň kabul sesini berendigini mälim edýär. Habarda şeýlelik bilen PKK we FETÖ eýe çykyp, garşy propoganda geçiren Ýewropa ýurtlarynyň lapykeçlige ugrandygy bellenýär. Gazet Maşgala we sosial syýasatlar ministri Fatma Betül Saýan Kaýany ýurtdan çykaran Gollandiýada ýaşaýan türkleriň 71 göteriminiň kabul sesini berendigini, Germaniýadaky türkleriň bolsa saýlawlarda 63 göteriminiň kabul sesini berip rasizme jogap berendigini nygtaýar.

Hürriýet gazedi: “Ýokary gatnaşyk” söz başyly habarynda, referendumda Türkiýede 167 140 saýlaw uçastogynda ses berilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Ýokary saýlaw geňeşiniň beren maglumatyna görä bellige alynan 58 million 366 müň 647 saýlawçynyň bardygyny, düýnki saýlawlarda 49 million 411 müň 370 adamyň ses berendigini, saýlawa bolan gatnaşygyň 85,60 göterim bolandygyny habar berýär.



Degişli Habarlar