Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

709379
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: “Siriýaly kaka: Erdogan wyždany bolan bir lider” söz başyly habarynda, Siriýada Asada bagly güýçleriň 4-nji aprelde Idlibiň Han Şeýhun etrapçasynda himiki ýarag bilen guran hüjüminde asuda ilatdan 27-si çaga bolan 100 adamyň ýogalandygyny habar berýär. Gazet hüjümde 9 aýlyk ekiz çagalaryny we aýaly bilen birlikde 25 dogan-garyndaşyny ýitiren Abdülhamid Al-Ýusufyň wakadan soň Prezident Erdoganyň çakylygyna laýyklykda Türkiýä gelendigini belleýär. Habarda Ýusufyň Hataýda köpçülikleýin açylyş dabarasyndan soň howa menzilinde Prezident Erdogan bilen duşuşyp maňlaýyndan öpendigi ýazylýar. Gazet siriýaly kaka: “Erdogan wyždany bolan bir lider. Biziňem Erdogan ýaly liderimiz bolsady, bular ýaly zatlary başymyzdan geçirmezdik” diýendigini beýan edýär.

Haber Türk gazedi: “Albaýrak: Anderseniň hekaýalarynyň zamanasy tamam boldy” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler minsitri Berat Albaýragyň güýjiň we baýlygyň Günbatardan Gündogara tarap süýşendigini we dünýäde täze bir döwrüň başlandygyny belläp, Anderseniň hekaýalarynyň zamanasynyň tamamlanandygyny aýdandygyny mälim edýär. Gazet türk milletiniň taryhdan ders alandygyny we ýaşap öwrenendigini aýdan Albaýragyň: “Ençeme ýüz ýyllap bu topraklardaky harby agdarlyşyk synanyşygy ilkinji gezek 15-nji iýulda şowsyz boldy. Bu millet indi batyrgaýlygy bilen ol tejribelerine eýe çykýar. Türkiýe öňümizdäki 10 ýyllyk etaby üstünlikli geçiren halatynda, bu asyra oňyn täsir ýetirer” diýendigini beýan edýär.

Watan gazedi: “Ýewropaly taýar egin-eşik pudagynyň wekilleri Türkiýäniň bazaryna girmek üçin pursat gözleýär” söz başyly habarynda, Ýewropanyň iň meşhur taýar egin-eşik kärhanalaryndan New Yorker,  Selfridges we Ýaponiýanyň Uniqlo kärhanalarynyň Türkiýäniň bazaryna girmek üçin taýarlyk görýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda beýleki tarapdan bolsa Fransiýanyň Galeries Lafayette firmasynyň Stambulda ýenede 2 dükan açmak üçin söwda merkezini gözleýändigi bellenýär.

Ýeni Şafak gazedi; “Koreýalylaryň Türkiýä bolan hormady aýry” söz başyly habarynda, Günorta Koreýalylaryň köňlündäki Türkiýe söýgüsi beýleki halklaryňka meňzemeýändigini habar berýär. Gazet koreýalylaryň 1950-nji ýyldaky Koreýa söweşinde garhrymanlyk görkezen meýletin türk esgerlerini ýatdan çykarmaýandyklaryny we her pursatda şony bildirýändiklerini nygtaýar. Gazet 2002-nji ýylda Türkiýäniň we Günorta Koreýanyň milli ýygyndylarynyň Dünýä çempionatynda duşuşyk geçirenlerinde ýurdyň ikä bölünendigine ünsi çekýär. Habarda şol wagt koreýalylaryň ýarysynyň Türkiýäni we ýarysynyň bolsa öz ýygyndylaryna goldaw berendikleri beýan edilýär.

Star gazedi: “Mesut Özil nemesleriň diskriminasiýalaryny düşündirdi” söz başyly habarynda, Britaniýanyň Arsenal futbol toparynyň asly türk bolan germaniýaly futbolçysy Mesut Öziliň asly türk bolandygy sebäpli Germaniýada diskriminasiýa sebäp bolandygyny aýdandygyny mälim edýär. Habarda Britaniýanyň Daily Mail gazedine beren interwýusynda Mesut Öziliň; “Geçirilen seçip-saýlama oýunlarynyň birinde meýdançanyň iň ökdesi mendim. 100 göterim meni saýlajakdyklaryna ynanýardym, emma ol beýle bolmady. Bu ýagdaý 3-4 gezek gaýtalanyndan soň, diskriminasiýa sezewar galýandygymy bildim. Kakama bolup geçenleri aýtdym we sebäbini soradym. Kakam bolsa saýlanmagyň ukyplylygyň bilen baglanşykly däldigini, başyňdan geçýänleriň aslyň türk bolmagy we adyň Mesut bolmagy bilen baglanşyklydygyny aýtdy. Başymdan geçen zatlary ulaldygy saýyn has gowy göz ýetirýärin” diýendigi bellenýär.


Etiketkalar: #kaka , #siriýaly , #Idlib , #ýarag , #Erdogan , #habar

Degişli Habarlar