Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

707840
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: “Çüreýän materik Ýewropa” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň Ýewropanyň demokratiýa, adam hukuklary we azatlyklar merkezine dälde, basyşyň, ezýediň, nasizmiň merkezi ýagdaýyna gelendigini aýdandygyny mälim edýär. Gazet Balykesirde halka ýüzlenen we “Garşymyzda ähli taraplaýyn çüreýän bir materik bar” diýen Erdoganyň: “16-njy aprelde geçirilejk referendumyň golaýlap gelmegi bilen hem Ýewropanyň, hem terror guramalarynyň hem-de Türkiýäniň duşmany bolan töwerekler özlerini ýitirmäge başlady. Ähli edýän tagallalaryna garamazdan taryhymyzyň iň uly dolanşyk reformasyna päsgelçilik berip bilmeýändiklerini görip, aljyramaga başladylar” diýendigini beýan edýär.

Star gazedi: “Kandilde 5 nyşana ýok edildi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Yragyň demirgazygyndaky Kandil sebitine guran howa hüjüminde aýralykçy terror guramasy PKK-a degişli 5 nyşanany ýok edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Türkiýäniň Ýaragly güýçlerine degişli harby uçarlaryň düýn agşam Kandile howa hüjümini gurandygyny belleýär. Habarda PKK-a degişlidigi anyklanan 5 aýry ýeriň nyşana alynyp, ýer bilen ýegsan edilendigi habar berilýär.

Habertürk gazedi; “ABŞ-dan Siriýa 59 raketa” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Siriýanyň Homus şäherindäki Şarýat harby howa menzilini 59 roketa bilen bombalandygyny nygtaýar. Gazet raketalar bilen Humusyň golaýyndaky Şaýrat howa bazasynda ýerleşýän radarlaryň, harby uçarlaryň, olaryň ok-därileriniň, uçarlary ýangyç bilen üpjüin edýän desgalaryň, ammarlaryň we howa goranyş ulgamlarynyň ýok edilendigine ünsi çekýär. Habarda hüjümiň Ortaýer deňizinde ýerleşdirilen amerikan harby gämisinden guralandygy ýazylýar.

Watan gazedi: “Ankara iberýär olar azat edýär” söz başyly habarynda, türk resmileriniň soňky birnäçe ýylyň dowamynda Ýewropa ýurtlarynda hüjüm guran DAIŞ-e agza ençeme terrorçyny, hüjümi guramadan ozal Siriýa gitmäge synanyşan wagty tussag edip, ýutlaryna yzyna gaýdyp berendigini mälim edýär. Gazet emma şol terrorçylaryň Ýewropa ýurtlary tarapyndan azat edilendigini nygtaýar. Habarda 2015-nji ýylda Pariži gana bulan terrorçynyň, Pariždäki hüjümi planlaşdyryjy terrorçynyň, Brýusseldäki metro hüjümini guran terrorçynyň, Pariždäki Notr-Dam soboryna bombaly hüjüm guramak islän zenan terrorçynyň şolaryň käbirleridigi beýan edilýär.

Ýeni Şafak gazedi; “Türk howa ýollarynyň täze ýolagçy rekordy” söz başyly habarynda, THÝ-nyň Dolanşyk geňeşiniň başlygy Bilal Ekşiniň düýn bronlanan ýerler barada maglumat berip: “Bu bir rekortdyr. Anna güni 200061 ýolagçy THÝ bilen uçmagy saýlady” diýendigini habar berýär. Gazet Ekşiniň Twitterdäki resmi hasabyndan beren beýanatynda: “Komfortly we howpsyz ýolagçylyk dileýäris” diýendigine ünsi çekýär. Habarda Bilal Ekşiniň 31-nji martda 187470 ýolagçynyň THÝ bilen uçmagy saýlandygyny aýdandygy ýatladylýar.


Etiketkalar: #Sabah , #Kandil , #Humus , #ABŞ , #raketa

Degişli Habarlar