Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

706895
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Habertürk” gazeti “Erdogan: ÝB durnuksyzlaşýar” söz başyly habarynda Prezident R. T. Erdoganyň ÝB-niň durnuksyzlaşýandygy we ýaşlaryň iş bilen üpjün edilmeginiň kynlaşýandygy hakyndaky sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Ýewropanyň indi iş umydy bolmakdan çykandygyny aýdan Erdogan “Bize ykdysadyýet, wiza we söwda gatnaşyklary taýdan hemle atýanlar ilki özlerine seretsin. Ýagdaýlary öwerlik däl. Girdejisi azalan, karzlary köpelen, söwda gatnaşyklary aşaklan, maýa goýumleri peselen, işsizligi artan we garran Ýewropany görerler. İnha şol mahal kimiň kime mätäçdigi belli bolar” diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Erdogan :Jöwzaly tomusa taýar boluň” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň Türkiýäniň ösmegini islemeýänleriň hemişe terror guramalaryndan peýdalanandygy hakyndaky sözlerine ýer berýär.

Erdogan, “göripler bir wagtlar Asala diýen guramany ýüze çykardylar. Işi gutaran badyna başga terror guramalaryny ýüze çykardylar. PKK-a, PÝD-a, ÝPG-ä, DHKP-J-ä goldaw berdiler. Şol guramalaryň täsrisiz bolan ýerlerinde Fetullahçy terror guramasy FETÖ ýaly dönük guramany güýçlendirdiler. Siriýada we Yrakda bolsa DAIŞ-i bize garşy gönükdirmekden gaça durmadylar”diýdi.

Türkiýäniň terrora garşy  tutanýerli göreşiniň dowam edýändigini aýdan Erdogan “Al Baby, Jarablusy, Raini we Dabygy sapladyk. İndi nobatda Munbiç bar. Terror guramalary arkaly bizi güýçden gaçyrmak isleýänlere jöwzaly tomus garaşýar” diýip belledi.

“Sabah” gazeti “Gyzyl bulten bilen gözlenýän PKK-ly terrorçy Germaniýanyň raýatlygyna kabul edilipdir” söz başyly habarynda 1988-nji ýylda Günorta Gündogar Anadoly welaýatynda iki sanly başlangyç klas mekdebiniň ýakylmagyndan jogapkär we Gyzyl bulten bilen gözlenýän PKK terrorçysy Jelal Kyldagyň Britaniýanyň Kaýman adalarynda göz tussaglygyna alynandygyny habar berýär.

Gazet terrorçynyň Germaniýanyň raýatydygynyň ýüze çykandygyny emma Gyzyl bulten bilen gözlenýändigine garamazdan tussag edilmegi üçin işe girişilmändigini belleýär.

“Watan” gazeti “Türkiýäniň Siriýalylylar hakyndaky aladasy Ýewropany utandyrýar” söz başyly habarynda Siriýanyň hökümetiniň himiki ýaraglar bilen guraýan hüjümlerine görkezilýän garşylygyň dowam edýändigini ýazýar.

Gazet Britaniýanyň Daşary işler ministri Boris Jonson ýurdunyň we ABŞ-nyň 2013-nji ýylda Siriýada himiki ýaragyň ulanylmagyna ýeterlik derejede garşylyk görkezmändigini ýatladyp, “Siriýanyň halky şol kararyň jerimesini çekýär” diýendigini belleýär.

Germaniýanyň Daşary işler ministri Sigmar Gabriel hem “Türkiýe bosgunlary kabul etmek etmek bilen çäklenmedi. Kä mahal Ýewropadaky jedelleşiklere sar salýaryn we utanýaryn” diýdi.

“Star” gazeti “Asadyň himiki ýarag bilen guran hüjümi Ankarany herekete geçirdi” söz başyly habarynda Ankaranyň düýn adatdan daşary ýagdaýda jemlenşen BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň maslahatynyň öňüsyrasynda Siriýanyň Idlib welaýatynda himiki ýaraglar bilen guralan hüjümde 72 adamyň ýogalandygy hakynda ýörite habarnama hödürländigini aýan edýär.



Degişli Habarlar