Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

703024
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Habertürk” gazeti “Ýa boýun eg ýada terk et” söz başyly habarynda Prezident R. T. Erdoganyň Mardinde käbir ymaratlaryň açylyş dabarasynda sözlän sözünde terrora garşy göreş barada durup geçendigini ýazýar.

Prezident Erdogan çykyşynda “Çözgüt etabyny başlatdyk, olar bolsa bomba ýardy. Kürt, arap we sürýany doganlarymyz köçelerde gazylan çukurlara laýykmy? İndi bu ýurtda terrorçylar rahat hereket edip bilmezler. Ýa boýun egerler ýada ýurdy terk ederler”diýip belledi.

“Watan” gazeti “Dogry we legal toparlar bilen işleşiň” söz başyly habarynda Prezident R. T. Erdoganyň Türkiýä gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Reks Tillerony kabul edendigini ýazýar.

Duşuşykda Siriýada we Yrakda DAIŞ-iň başda durmagynda terror guramasyna garşy göreş meselesi giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Prezident Erdoganyň DAIŞ-e garşy göreşde aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölümi PÝD-niň ulanylmazlygy barada birnäçe gezek duýduruş berendiklerini nygtady.

Prezident Erdogan terrora garşy göreşde dogry we legal toparlar bilen işleşilmeginiň ähmiýetine ünsi çekdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “68 ýurt DAIŞ-i ýeňip bilmeýän bolsa” söz başyly habarynda Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň resmi sapar bilen Ankara gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Reks Tillerson bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýanat berendigini ýazýar.

Mewlüt Çawuşogly “terror guramasy DAIŞ-e garşy birlikde göreşip bileris, ABŞ DAİŞ-e garşy göreşde başga terror guramalaryndan peýdalanmaly däl, biz 68 ýurt we NATO bilen birlikde beýleki guramalar hökmünde 10-20 müň adamlyk terror guramasyny ýeňip bilmeýän bolsak, başga terror guramalaryna mätäç bolsa onda käbir ugurlar ýaňadandan gözden geçirilmeli. Biz munyň hötdesinden gelip bileris. Mundan soňky etapda Siriýanyň durnuklylygy we syýasy çözgüt üçin DAIŞ-e garşy göreşde hyzmatdaşymyz ABŞ bilen ýakyndan işleşmek isleýäris” diýdi.

“Sabah” gazeti 16-njy aprelde geçiriljek referendumyň öňüsyrasynda Türkiýä garşy bolan tutumlara garamazdan içerki bazarlarda ykdysadyýete bolan ynamyň mart aýynda 5 göterim artyp 96,1- bal bilen 2016-njy ýylyň sentýabr aýyndan bäri iň ýokary çägine ýetendigini mälim edýär.

Gazet Türkiýäniň ykdysady görkezijileriniň daşary ýurtly maýadarlaryň hem ünsüni özüne çekmäge dowam edýändigini belleýär.

“Sabah” gazeti “Sabiha Gökçeniň mümkinçiligi 6 million ýolagça ýetirler” söz başyly habarynda 2009-njy ýyldan bäri yzly yzyna 7 ýyl “Ýewropanyň çalt depginde ösýän howa menzili” çinine eýe bolan Stambulyň Sabiha Gökçen adyndaky halkara howa menziliniň ýolagçy mümkinçiliginiň artdyrylmagy üçin işe girişilendigini belleýär.



Degişli Habarlar