Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

700649
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Star gazedi: “Demokratiýa Türkiýä ýerleşdi” söz başyly habarynda, Prezidentiň Baş maslahatçysy Mehmet Uçumyň dünýäde we Türkiýede demokratiýa we global maýa gatnaşyklarynyň üsti bilen täze ulgamy ele alyp: “Günbatar demokratiýa maýa gözegçiligindäki döwletler sebäpli üpjün jemgyýetiň üsti bilen guruldy. Ykdysady etaplara örän garaşly demokratiýa medeniýeti döredi. Gowşak demokratiýa düşünjesi döredi. Asuda jemgyýetinden daşlaşdygyň saýyn demokratiýa we demokratik medeniýet yza gaýdýar. Demokratiýa gowşaýar, onuň aşagyndan rasizm, daşary ýurt duşmançylygy, faşistik hereketler ýüze çykmaga başlaýar. Türkiýe bolsa demokratiýa medeniýetini ykdysady üpjünçiligiň üsti bilen dälde, jemgyýetiň söz azatlygynyň üsti bilen ösdürendigi üçin maýasy has hem güýçli demokratik medeniýete eýe” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Hürriýet gazedi: “Ägirtler Türkiýe üçin iş başynda” söz başyly habarynda, Türkiýe üçin Türkiýede iş alyp barýan ägirt uly kärhanalaryň herekede geçendigini mälim edýär. Gazet Ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçylygynda Türkiýäniň Biržalar we palatalar bileleşigi bilen Türkiýäniň Eksportçylar mejlisiniň hyzmatdaşlyk etmeginde başladylan täze kampaniýa bilen “Türkiýäniň dostlary Türkiýäni düşündirjekdigini” belleýär. Habarda Germaniýa, ABŞ, Britaniýa, Fransiýa, Italiýa, Russiýa we BAE-de başlajak kampaniýa Türkiýede eýýäm ençeme ýyl bäri iş alyp barýan General Electric, Sberbank, Fiat, Ford, Danone, Hyundai, Novartis, Vodafone ýaly kärhanalarynyň ýerine ýetirjiler geňeşiniň başlyklarynyň we ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň Türkiýä ynan we gazan diýjekdikleri beýan edilýär.

Haber Türk gazedi: “Akklimatizirlemede maksat 39 milliard dollar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Biržalar we palatalar bileleşiginiň Akklimatizirleme mejlsiniň hasabatyna görä Türkiýäniň Akklimatizirleme pudagynyň 12 milliard dollara ýetip, 450 milliard dollarlyk dünýä Akklimatizirleme pudagynda 22-nji oruna geçendigini habar berýär. Habarda 2023-nji ýyla çenli ilkinji 15 ýurdyň hataryna girmegi maksat edinýän pudagyň 39 milliard dollara ýetmegi meýilleşdirýändigi ýazylýar.

Watan gazedi: “Mermer eksportçylary 3,4 milliard dollarlyk ABŞ bazaryna gönükdi” söz başyly habarynda, türk mermerjileriniň 3,4 milliard dollarlyk Amerikan bazaryna hüjüme geçendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Stambul Magdan eksportçylar bileleşigi 4-7-nji aprel aralygynda Orlandoda geçiriljek Coverings fuaryna 80 firma bilen gatnaşjakdygyna ünsi çekýär.

Sabah gazedi: “THÝ-dan garaşylmadyk hemaýatkärlik” söz başyly habarynda, Türk howa ýollarynyň Amerikanyň Indianapolis ştatynyň Indy Eleven atly topara hemaýatkär boljakdygyny mälim edýär. Gazet Indy Eleven topary bilen THÝ-nyň arasynda baglaşylan ylalaşyga görä THÝ-nyň topary halkara derejede tanyşdyrjakdygyny belleýär.


Etiketkalar: #Star , #gazet , #demokratiýa , #ägirt

Degişli Habarlar