Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

698471
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: “ABŞ-nyň we Russiýanyň ÝPG gyzyklanmasy bizi gynandyrýar” söz başyly habarynda, hususy telewideniýeleriň birinde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly soraglara jogap beren Erdoganyň Siriýadaky aýralykçy terror guramasynyň barlygy we oňa goldaw berýänler bilen bagly soraga: “Russiýanyň we ABŞ-nyň ÝPG, PÝD, PKK berýän goldawlary bizi gynandyrýar. Özlerine beýan edenim üçin muny açyk ýagdaýda aýdýaryn. Bularyň Siriýadan uzaklaşdyrylmagy möhüm. Saplanmadygy saýyn biziň Siriýadaky wezipämiz tamamlanmaz. Nämemişin olary Başar Asad çagyrypdyr. Dünýä syýasatynda olar ýaly zat ýok. Bular iň köp kimi binjalyk edýär. Elbetde bizi binjalyk edýär. Meniň Siriýa bilen 911 km serhedim bar. DAIŞ-iň od açmagy sebäpli 1 raýadym we 1 esgerim ýogaldy. Olaryň bular ýaly aladasy barmy, ýok. Oňa biz karar bereris. Hiç kim Türkiýe çekilsin diýip bilmez. Olar ýaly zat ýok. Bu howplardan doly ýagdaýda saplananymyzdan soň, ol meselä biz karar bereris” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Watan gazedi: “Türkiýe Russiýa duýduryş berdi” söz başyly habarynda, ürkiýäniň Daşary işler ministrliginiň Siriýanyň terror guramasy PÝD/PKK-nyň gözegçiligi astyndaky sebitden od açylmagy netijesinde 1 esgeriň şehit bolmagy bilen bagly Russiýanyň geňeşçi ilçisiniň Daşary işler ministrligine çagyrylandygyny aýdandygyny belleýär. Gazet Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Hüseýin Müftüoglynyň geňeşçi ilçä Türkiýäniň binjalyklygy we hüjümiň gaýtalanan ýagdaýynda artykmajy bilen jogap beriljekdigini aýdandyklaryny habar berýär. Habarda Müftüoglynyň Russiýanyň geňeşçi ilçisine mundan başgada “Russiýadaky PÝD ofisiniň yapylmagy babatynda Russiýadan ädim etmegine garaşýandyklaryny we sebitdäki düzgün bozmalardan Russiýanyň jogapkär bolandygy üçin Russiýanyň geňeşçi ilçisiniň ministrlige çagyrylandygyny” aýdandygy nygtalýar.

Haber Türk gazedi: “Ministr Arslan: Gadagançylyk kararyny ICAO-nyň garamagyna bereris” söz başyly habarynda, ulag, deňizçilik we aragatnaşyk ministri Ahmet Arslanyň ABŞ-nyň we Britaniýanyň elektronik enjemlary bilen bagly alan gadagançylyk kararlaryna garşy haklaşmak ýaly niýetleriniň bolmandygyny belläp: “Terror her ýerde terrordyr. Bir howa menzilini terrora garşy göreşde aýry tutmak dogry däldir. Ine şol wagt adamlaryň kellesine başga zatlar geler. Bu işiň arkasynda başga maksatlaryň ýokdygyny umyt edýäris. Karary Halkara Raýat awiasiasy guramasy ICAO-nyň garamagyna bereris” diýendigini beýan edýär.

Ýeni Şafak gazedi: “500-den gowrak maýadar Stambulda” söz başyly habarynda, Pars aýlagy ýurtlaryň Türkiýä bolan gyzyklanmasynyň gün saýyn artýandygyny mälim edýär. Gazet Stambulda geçirilen XII Türk-arap Ykdysady forumyna gelen 500-den gowrak ýerli we daşary ýurtly maýadara Türkiýäniň ykdysadyýetiniň düşündirilendigine ünsi çekýär. Habarda Türkiýe goýan maýalarynyň netijeliligini düşündiren daşary ýurtly maýadarlaryň täze maýa goýumlaryň boljakdygy barada yşaratlar berendikleri ýazylýar. Gazet Türkiýe bilen Arap ýurtlarynyň arasyndaky söwda kuwwadyň şu ýyl 70 milliard dollary geçmegine garaşylýandygyny belleýär.

Star gazedi: “Bosgun dramasyny ABŞ-da görkezýär” söz başyly habarynda, ABŞ-da ýaşaýan 17 ýaşly Sinezm Oguzyň Türkiýedäki siriýaly bosgunlar temaly suratlaryna ýurtda uly gyzyklanma bildirilýändigini habar berýär. Gazet Oguzyň alan suratlarynyň Nýu-ýorkda “40 ýaşdan kiçi iň täsirli 40 türk ýaş” sylagyna laýyk görülendigini nygtaýar. Habarda Sinem Oguzyň serginiň mundan ozal Amerikan Kongresinde açylandygyny aýdyp, Türkiýäniň bosgunlara berýän köşmegini bütin dünýä ýetirmegi maksat edinýändigini belländigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar