Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

693542
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Türkiýäni ýitirdiň” söz başyly habarynda Prezident R. T. Erdoganyň Sakarýada käbir ymaratlaryň açylyş dabarasyna gatnaşandygyny ýazýar.

Gazet Prezident Erdoganyň açylyş dabarasynda sözlän sözünde Gollandiýada geçirlen saýlawyň ýeňijisi Azatlyk we demokratiýa üçin Halk partiýasynyň lideri Premýer ministr Mark Ruttä “Eý Rutte, sen saýlawda üstünlik gazanan bolup bilersiň. Emma Türkiýe ýaly dostuňy ýitirdiň”diýip ýüzlenendigini belleýär.

“Haber Türk” gazeti “30-nj martda ABŞ-nyň Döwlet sekretary geler” söz başyly habarynda Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň hususy telewideniýe kanalynda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky soraglara jogap berendigini we ABŞ-nyň Döwlet sekretary Reks Tillersonyň 30-njy martda Türkiýä gelmek isleýändigine ünsi çekendigini belleýär.

Çawuşogly Prezident R. T. Erdogan bilen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň hem 16-njy aprelde geçiriljek referendumdan soň Waşingtonda duşuşyp biljekdigini aýtdy.

Prezident Erdoganyň fewral aýynda Tramp bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde Fetullahçy terror guramasy FETÖ garşy göreş hakynda pikir alyşandygyny ýatladan Çawuşogly, “ABŞ eger hakyky hyzmatdaş bolsa onda FETÖ we aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölümi PÝD barada alyp barýan tutumyndan ýüz öwürmeli”diýdi.

“Hürriýet” gazeti ÝB-niň giňelmekden jogapkär ozaly wekili Günter Werhowgeniň ÝB bilen Türkiýäniň arasyndaky dartgynlygy howply krizis hökmünde häsiýetlendirendigini we dartgynlygyň gatnaşyklara zeper ýetirjekdigi barada duýduruş berendigini habar berýär.

“Star” gazeti “TAW-yň 15-nji howa menzili Ýanbu boldy” söz başyly habarynda howa menzili dolanşygynda Türkiýäniň dünýäde ýakyndan tanalýan markasy TAW-yň Saud Arabystanynyň Ýanbu Şa Abdul Mohsin Bin Abdulaziz halkara howa menziliniň 30 ýyl dolandyrmak hukugyna eýe bolandygyny ýazýar.

Gazet  TAW-yň  şol möhlediň çäginde Ýanbuda täze howa menzilini gurjakdygyny belleýär.

“Sabah” gazeti “Liwanda Osmaly sergisi” söz başyly habarynda Liwanyň demirgazygynda ýerleşýän Batroun şäherinde osman döwrüne degişli binada ýörite serginiň açylandygyny  we sergide Osmanly döwrüne degişli taryhy eserleriň sergilenjekdigini nygtaýar.



Degişli Habarlar