Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

680643
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Prezident dolanşygy ulgamy bilen netijeli daşary syýasat” söz başyly habarynda Türkiýäniň 18 maddalyk konstitutsion özgertme taslamasy üçin 16-njy aprelde geçiriljek referendumda ses berjekdigini ýazýar.

Gazet täze konstitutsiýada Prezident dolanşygy ulgamyny öz içine alýan hökümet modeli bilen Türkiýäniň netijeli daşary syýasat alyp barjakdygyny, halkara gatnaşyklaryny ösdürjekdigini we krizislere garşy göreşjekdigini belleýär.

Gazet prezident dolanşygy ulgamynyň içeri syýasatdaky näbelliligi ortadan aýyrjakdygyny, Türkiýäniň harby we goranyş senagatynda uly öňe gidişlikler etjekdigini we täze döwürde Türkiýäniň NATO-daky rolyny artdyrjakdygyny we türk ykdysadyýetinde maýa goýum we ösüş etaplarynyň depginini güýçlendirjekdigini ýatladýar.

“Haber Türk” gazeti “Ysraýylyň Stambuldaky Baş konsuly Sabiha Johen “Gatnaşyklar erbet mahaly hem türk ýolbaşçylar ýagşy niýetli çemeleşdi”söz başyly habarynda Türkiýe bilen Ysraýylyň arasyndaky gatnaşyklaryň Mawi Marmara wakasy sebäpli saklanan we ilçileriň yzyna çagyrlan döwründe Ysraýylyň Türkiýedäki ýokary derejeli ýolbaşçysy wezipesini ýerine ýetiren Joheniň “Aslynda men Türkiýä gelmezden öň gatnaşyklar kadalaşmaga başlapdy. Premýer ministr Benýamin Netanýahu Prezident R. T. Erdogana telefon edipdi we Mawy Marmara wakasy sebäpli ötünç sorapdy. Oňyn atmosferanyň dowam edýän günlerinde Gaza guralan operasiýa sebäpli gatnaşyklaryň dartgynlaşan günlerinde Türkiýä geldim. Wezipämi dowam etdirmegiň gaty kyn boljakdygy barada pikir edýärdim. Emma duşuşyk üçin eden ýüz tutmalarym kabul edildi” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “Serhetdäki diwaryň gurluşygynyň ýarysy tamamlandy” söz başyly habarynda  Premýer ministrligiň ýanynda Köpçülikleýin ýaşaýyş jaý edarasy TOKİ tarapyndan Türkiýe-Siriýa serhedinde gurulýan 511 kilometrlik “howpsyzlyk diwarynyň” gurluşygynyň ýarysynyň tamamlanandygyny ýazýar.

Gazet serketýakasynda gurulýan ini 2 metr, belentligi 3 metr bolan diwaryň gurluşygynyň güýçli depginde alnyp barylýandygyny belleýär.

“Hürriýet” gazeti “Global tigir” söz başyly habarynda Türkiýede soňky döwürde milli marka we ýerli önümçilik adalgalarynyň ýygy-ýygydan agzalýandygyny ýazýar.

Gazet her bir pudagyň şol iki adalganyň üstünde işleýändigini belleýär.

Gazet häzirki global bäsleşik şertlerinde milli markanyň we ýerli önümçiligiň esasy ýagdaýa gelendigini nygtaýar.

Gazet “Prezident R. T. Erdoganyň Türkiýäniň galkynyşy üçin halkara derejezinde azyndan 10 markasy bolmaly”diýen sözlerini ýatladýar.

Gazet milli tigir markasy Lassanyň dünýä derejesinde ýakyndan tanalýan sport komandasy Barselona hemakatkär bolmagyndan soň eksportynyň gün saýyn artdýandygyny belleýär.



Degişli Habarlar