Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

679484
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazedi: “Trampa Türkiýäniň möhümdigini düşündireris” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Baş ştabynyň başlygy Ýozef Dunfordyň Siriýada DAIŞ-e garşy göreşi çaltlandyrmak üçin Prezident Donald Trampa hödürlejekleri Syýasy-harby alternatiwalaryň arasynda Türkýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky güýçli hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegi babatynda ädimleriň edilip bilinjekdigi barada ýüzlenme berendigini habar berýär. Gazet Dunfordyň: “Türkiýeli hyzmatdaşymyzyň möhümligini ara alyp maslahatlaşarys we Türkiýe bilen bolan güýçli birligimizi dowam etdirmäge üns bereris” diýendigini belleýär.

Sabah gazedi: “Germaniýada PKK rugsat bar, Erdogana ýok” söz başyly habarynda, elmydama azatlyklardan söz edýän Germaniýanyň Türkiýa garşy terror guramalaryna goldaw bermegini dowam etdirýändigini mälim edýär. Gazet terror guramasy PKK tarapyndan geçirilmegi meýilleşdirilýän mitinge rugsat beren Germaniýanyň Prezident R.T. Erdoganyň referendum bilen baglanşykly mitinginiň geçirilmezligi üçin kampaniýa başladandygyny nygtaýar. Habarda Demirgazyk Reýn-Westfaliýa welaýatynyň Içeri işler ministri Ralf Ýageriň federal hökümetiň Demirgazyk Reýn-Westfaliýa welaýatynda ýa-da Germaniýanyň islendik ýerinde mitingleriň öňüniň alynmagynyň gerekdigini aýdandygy beýan edilýär.

Ýeni Şafak gazedi: “Konsullykda 1 PKK-ly” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Adanadaky konsullygynyň tejimeçisi Hamza Uluçaýyň PKK-a garşy geçirilen operasiýada göz tussaglygyna alynandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Mardin welaýatynyň Kyzyltepe etrabynda KCK guramasynyň ýokary jogapkär ýolbaşçylarynyň biri bilen duşuşan Uluçaýyň Adanada konsullykdan çykyp barýarka göz tussaglygyna alynandygyna ünsi çekýär. Habarda Hamza Uluçaýyň 1-nji martda şol wagt ABŞ-nyň Içerki howpsyzlyk ministri wezipesinde işlän Jeh Jonsonyň Adana guran saparynda terjimeçi bolandygy ýazylýar.

Star gazedi: “Ilkinji gaz 2018-nji ýylda” söz başyly habarynda, azerbaýjanyň gazyny Ýewropa ýetirjek Günorta gaz koridory taslamasynyň maslahatynyň şu gün Bakuda geçirilendigini habar berýär. Gazet Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň: “2011-nji ýylda R.T. Erdogan bilen TANAP taslamasyna gol çeken şertnamamyz bu taslamanyň öwrülişik nokady boldy” diýendigini belleýär. Habarda Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýragyň: “TANAP-da gurluşygyň 65 göterimi tamam boldy. 2018-nji ýylda ilkinji gazy almaga başlarys” diýendigi beýan edilýär.

Hürriýet gazedi: “Ýenede 2 sany goşmaça dil” söz başyly habarynda, Bilim ministri tarapyndan öňümizdäki okuw ýylynda mekdeplerde öwredilmäge başlanjak alban we bosniýa diliniň saýlap boljak diller hökmünde okuw meýilnamasyna girizilendigini mälim edýär. Habarda iki diliň Ýaşaýan diller we dialektler dersiniň çäginde berilmäge başlanjakdygy nygtalýar.



Degişli Habarlar